Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi, olaryň dünýä derejesinde döwrebap bilim almagy hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini çagalaryň dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin durmuşa geçirilýän işler aýdyň görkezýär.

ä­zir­ki wagt­da hem ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi do­wam ed­ýär. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­byn­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga ber­len «Bag­ty­ýar ne­sil­ler» ça­ga­lar dynç alyş se­ýil­gä­hi hem kör­pe­le­riň ça­ga kal­by­ny heý­ja­na ge­tir­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, we­la­ýa­tyň We­kil­ba­zar et­ra­by 2017-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça we­la­ýat­la­ryň et­rap­la­ry­nyň we et­rap hu­kuk­ly şä­her­çe­le­riň ara­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni ul­gam­lar­da hem­me gör­nüş­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, «2017-nji ýy­lyň iň go­wy et­ra­by» di­ýen be­lent ada eýe bol­dy. Şun­dan ugur al­nyp, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýy­lyň 26-njy ýan­wa­ryn­da­ky de­giş­li buý­ru­gy esa­syn­da We­kil­ba­zar et­rap hä­kim­li­gi­ne 1 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul baý­ra­gy­nyň be­ril­me­gi bi­len, onuň ha­sa­by­na et­rap mer­ke­zin­de bö­lü­nip ber­len 2 gek­tar ýer bö­le­gin­de ça­ga­lar üçin dynç alyş se­ýil­gä­hi gu­rul­dy. Mu­nuň özi hem hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan bagt­dan paý­ly ça­ga­la­ry­myz ba­ra­da uly ala­da edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ola­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip ýa­şa­ma­gy, döw­re­bap ylym-bi­lim al­ma­gy, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz esa­syn­da ter­bi­ýe­len­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­ny bagt­ly ça­ga­la­ryň ýur­du­na öwür­mek ug­run­da yh­la­sy­nyň ne­ti­je­sin­de, röw­şen er­tir­le­ri­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan bag­ty­ýar ça­ga­lar ha­kyn­da­ky ala­da­ny her ädim­de, her pur­sat­da duý­mak bol­ýar. Ne­sil ha­kyn­da ala­da et­mek türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­si­dir. Bu ba­ra­da mähriban Arkadagymyz: «Ça­ga­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň uly baý­ly­gy­dyr hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň bin­ýa­dy­dyr. Ýaş nes­liň ze­hin­li, ba­şar­jaň, ah­lak we be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy, bag­ty­ýar dur­muş­da er­ka­na ýa­şa­ma­gy bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Milli Liderimiziň gör­kez­me­le­rin­den, tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur alyp iş­le­ýän bi­lim iş­gär­le­ri ýur­du­myz­da do­wam ed­ýän gyş­ky dynç alyş möw­sü­min­de ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly hem tä­sir­li ge­çir­mek­le­ri ug­run­da ta­gal­la ed­ýär­ler.
Kör­pe ne­sil­le­riň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li, dün­ýä äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­ri uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­sun!

Da­ýanç­gel­di BEK­DUR­DY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.