Ýaponiýa içerki syýahatçylygy goldamak maksady bilen işläp düzen «Go To Travel» («Syýahat ediň») maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirip başlady. Bu maksatnama ýerli syýahatçylyk pudagyny goldamakdan ybarat bolup, ýerli jahankeşdeleriň çykdajylaryna döwlet tarapyndan kömek bermek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan 1,7 trillion ýen (takmynan, 15,7 milliard dollar) bölünip berler.
Bu maksatnamanyň çäklerinde hereket edýän syýahatçylyk agentlikleriniň jahankeşdelik meýilnamalaryna gatnaşýan raýatlar kömek puluny alyp bilýärler. Bellenen kadalara laýyklykda, döwlet kömeginiň umumy mukdary adamyň gündelik çykdajylarynyň ýarysyndan köp bolmaly däldir. Mundan başga-da, ýurduň her bir ýaşaýjysy günde 20 müň ýenden (185 dollar) köp möçberde pul alyp bilmeýär. Ýurduň hökümeti bu maksatnama arkaly ýerli syýahatçylygy ösdürmegi maksat edinýär.