Ne­mes aw­tou­lag ägir­di «Opel» go­laý­da öz lo­go­sy­ny üýt­get­di. Kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan çy­ka­ry­lan tä­ze ny­şa­ny­nyň il­kin­ji ge­zek «Mok­ka» mo­de­lin­de ula­nyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar elekt­rou­lag­la­ryň kö­pel­me­gi bi­len tä­ze­çe ha­ryt ny­şan­la­ry­ny dö­re­dip baş­la­dy­lar. Ge­çen ýyl «Volks­wa­gen», soň­ra BMW, go­laý­da bol­sa, «Nis­san» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar öz lo­go­la­ry­ny üýt­get­di­ler. Is­len­dik ha­ry­dyň ýa-da kom­pa­ni­ýa­nyň lo­go­sy müş­de­ri­le­ri özü­ne çek­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýär. Olar­da esa­sy za­dyň ýat­da ga­ly­jy­ bolmaly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Eý­sem, ha­ryt ny­şan­la­ry nä­hi­li ma­ny­ny aň­lad­ýar­ka? Kom­pa­ni­ýa­lar ny­şan dö­re­den­de baş­ga nä­me­le­ri göz öňün­de tut­ýar­lar? Si­ze kä­bir kom­pa­ni­ýa­la­ryň ny­şan­la­ry­nyň aň­lad­ýan ma­ny­la­ry­ny hö­dür­le­ýä­ris.

«Go­og­le»: Teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň tä­ze ny­şa­ny, di­zaýn ba­bat­da ýö­ne­keý ýa­ly gö­rün­ýän hem bol­sa, ol tä­sin geo­met­rik şe­kil­den yba­rat. Kom­pa­ni­ýa­nyň baş har­py ýa­zy­lan lo­go dört reňk­den dur­ýar.

«Picasa»: «Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Picasa» plat­for­ma­sy ula­ny­jy­la­ryň su­rat­la­ry­ny iş­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Is­pan­ça «Casa» jaý diý­me­gi aň­lad­ýar we ny­şan­daky reňk­li ka­me­ra çar­çu­wa­sy­nyň için­de jaýyň şe­ki­li bar.

LG: Mar­ka­nyň ny­şa­ny­nyň aňladýan üç dür­li manysy bar – L, G harp­la­ry, ýyl­gyr­ýan ýüz keş­bi hem-de aç­mak/ýap­mak düw­me­si. L we G harp­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň şy­ga­ry bo­lan «Li­fe is go­od» (Dur­muş owa­dan­dyr) diý­me­gi hem aň­lad­ýar.

«Dell»: Or­ta­da­ky «E» har­pynyň ke­se go­ýul­ma­gy kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Maýkl Del­liň pi­ki­ri eken. Bu harp öň­ki komp­ýu­ter­ler­dä­ki dis­ke­te hem meň­ze­ýär.

«Ama­zon»: Ýaz­gy­­nyň aşa­gyn­da­ky sa­ry peý­kam gü­ler ýü­zi ýa­dy­ňa sal­ýar. Peý­kam A-dan baş­lap, Z har­py­ny gör­kez­ýär. Bu bol­sa, elip­biý­dä­ki bi­rin­ji we soň­ky harp­la­ry aň­lad­ýar. Ýag­ny kom­pa­ni­ýa müş­de­ri­le­riň sal­gy­sy­na is­len­dik ha­ry­dy el­tip ber­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ady hök­mün­de hem­me­le­riň ýa­dyn­da gal­ma­gy üçin dün­ýä­niň iň uzyn der­ýa­la­ry­nyň bi­ri­niň ady saý­la­nyp­dyr.

«So­ny Vaio»: Ýa­pon bren­di «Vaio» ny­şa­nyn­da «V» we A harp­la­ry tol­ku­nyň şe­ki­li­ni, I we O harp­la­ry san­ly ul­ga­myň esa­sy bo­lan 1-i we 0-y aň­lad­ýar.

«Sun Micro­sys­tems»: Kompaniýa 2010-njy ýyl­da «Oracle» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­dy. As­lyn­da, lo­go­ di­ňe «U» harp­la­ryn­dan düzülen. Em­ma bu ýö­ne­keý ny­şan­da harp­la­ryň ba­şa­şak we ke­se ýer­leş­di­ril­me­gi ar­ka­ly ony «Sun» (Gün) di­ýip okap bol­ýar.

USB: Il­kin­ji ge­zek 1996-njy ýyl­da peý­da bo­lan we mag­lu­mat­la­ry aň­sat­lyk bi­len ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän USB (Univer­sal Se­ri­al Bus) äh­lu­mu­my se­ri­al aw­to­bus diý­me­gi aň­lad­ýar. Onuň ny­şa­ny üç ug­ra bö­lü­nen çy­zyk­dyr. Her se­ti­riň so­ňun­da baş­ga bir gör­nüş bar – te­ge­lek, peý­kam we dört­burç­luk. Naý­za­nyň her ujun­da­ky baş­ga­ça şe­kil USB teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň dür­li en­jam­la­ry bi­rik­dir­mek uky­by­nyň bar­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

«Blue­tooth»: Jü­bi te­le­fon­la­ryn­da ýy­gy-ýy­gy­dan ula­nyl­ýan «Blue­tooth» mag­lu­mat­la­ry gal­ta­şyk­syz ge­çir­ýän iň köp ýaý­ran ada­ty prog­ram­ma­la­ryň bi­ri­dir. Ny­şa­n ir­ki dö­wür­ler­de Skan­di­na­wi­ýanyň ýurt­la­ry­ny bir­leş­di­ren Wi­king­le­riň pa­ty­şa­synyň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

«Volks­wa­gen»: ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen ýyl il­kin­ji elekt­rik aw­tou­la­gy­ «ID.3» üçin tä­ze lo­go taý­ýar­la­dy. Bu ny­şan kom­pa­ni­ýa­nyň äh­li elekt­rik mo­del­le­rin­de ula­nyl­ýar. Bu ny­şan has ýal­pyl­da­wyk we açyk reňk­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

BMW: Ne­mes aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy 23 ýyl­dan soň lo­go­ti­pi­ni üýt­get­di. Kom­pa­ni­ýa mun­dan ozal­ky lo­go­sy­ny 1997-nji ýyl­dan bä­ri ulan­ýar­dy. Kom­pa­ni­ýa dö­re­di­len wag­tyn­dan bä­ri dür­li ýyl­lar­da dür­lü­çe ny­şan­lar­dan peý­da­lan­dy. Em­ma ola­ryň äh­li­si te­ge­le­giň için­dä­ki dört bö­lek­den yba­rat­dyr.

Aý­je­mal Gur­ba­no­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.