(He­ka­ýa)
Bu şa­ýy­lyk­la­ryň her bi­ri­si bak­gal, gök sa­ty­jy we gas­sap bi­len söw­da­la­şy­lyp jem­le­nip­di. Bir dol­lar seg­sen ýe­di sent. Hem­me­si şu­lar­dy. Onuň alt­myş sen­ti hem bir sent­lik şa­ýy­lyk­lar­dan yba­rat­dy. Kä­wagt sa­ty­jy­la­ryň özü­ni gys­ganç­lyk­da aýyp­la­ma­la­ryn­dan äti­ýaç edip, utan­jyn­dan ýü­zi gy­zar­ýan wagt­la­ram az bol­ma­ýar­dy. Del­la pu­lu­ny üç ge­zek sa­na­dy. Bir dol­lar seg­sen ýe­di sent. Er­te­si gün hem Rož­dest­wo gü­nü­di.
Dellanyň özü­ni ki­çi­jik kö­ne­je di­wa­nyň üs­tü­ne ok­lap, ag­la­mak­dan baş­ga çä­re­si gal­ma­dy. Ol şeý­le hem et­di. Bu ýag­daý onuň dur­mu­şyň be­lent­li-pes­li men­zil­ler­den do­lu­dy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­rle­ri­ni has-da ber­kid­ýär­di.
Ol kö­şeş­ýän­çä bu öýe göz aý­la­ly. Goş-go­lam­ly bu ja­ýa hep­de­de se­kiz dol­lar tö­le­ýär­di­ler. Da­şyn­dan se­re­de­niň­de hiç ne­neň bol­ma­sa-da, bu öý­de gün-gü­ze­ran zor­dan aý­lan­ýar­dy. Ja­ýyň gi­rel­ge­sin­de içi­ne hiç ha­çan hat ok­lan­ma­dyk poç­ta gu­tu­sy we bir­ma­hal döw­lüp ga­lan elekt­rik ja­ňy­nyň düw­me­si bar­dy. Düw­mäň aşa­gyn­da bol­sa, öý­de ki­miň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýan «Je­nap Jeýms Dil­lin­gem Ýang» di­ýen ýaz­gy ber­ki­di­len­di. Bu ýe­re il­ki gö­çüp ge­len mahallary Jimiň ga­zan­jy go­wy bo­lup, maş­ga­la­nyň hal-ýag­da­ýy oňuş­maz­ça-da däl­di. Em­ma onuň hep­de­lik gir­de­ji­si ýig­ri­mi dol­la­ra çen­li aza­lan­soň, maş­ga­la­nyň gün-gü­ze­ra­ny pe­se dü­şüp ug­ra­dy.
Ag­la­ma­sy­ny go­ýan Del­la ýag­ly­gy bi­len ýü­zü­ni sü­pür­mä­ge dur­dy. Ol pen­ji­rä­niň gar­şy­syn­a ba­ryp, ha­ýa­dyň üs­tün­den ýö­räp bar­ýan çal pi­şi­ge gaý­gy­ly na­zar aý­la­dy. Er­ti­rem Rož­dest­wo gü­ni, onuň bol­sa, Ji­me sow­gat al­mak üçin di­ňe bir dol­lar seg­sen ýe­di sen­t pu­ly bar­dy. Onuň her bir şa­ýy­ly­gy­ny tyg­şyt­lap, bar ýyg­nanjasy hem şu­lar­dy. Hep­de­de ýig­ri­mi dol­lar ga­zanç bi­len al­jak ga­laň ýok­dy. Çyk­da­jy­la­ry çak edi­li­şin­den hem köp­di. Nä­me üçin­dir bu ýag­daý olar­dan sow­lup gi­di­ber­me­ýär­di. Ji­me ba­ry-ýo­gy bir dol­lar seg­sen ýe­di sent bi­len sow­gat al­ma­ly­dy. Ol özü­niň mäh­ri­ban Ji­mi­ne üýt­ge­şik bir sow­gat al­mak üçin pi­kir­le­nip, aja­ýyp duý­gu­la­ra gap­lan­ýar­dy. Ol sow­gat ga­ty üýt­ge­şik, ar­zy­ly bo­lup, Ji­miň mer­te­be­si­ne la­ýyk gel­me­li­di.
Ota­gyň iki pen­ji­re­si­niň ara­syn­da ýüz gö­rül­ýän aý­na dur­dy. Di­ňe örän hor­tap ze­nan şu­nuň ýa­ly in­çe­den uzyn aý­na­dan öz keş­bi­ni do­ly aýyl-sa­ýyl gö­rüp bil­se ge­rek. Sy­rat­ly bo­ýy we hoş­roý­lu­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Del­la pen­ji­re­den ýü­zü­ni so­wup, aý­naň öňü­ne gel­di-de, öz keş­bi­ne iç­gin göz gez­dir­di. Onuň ýü­zi bir­ba­da ýag­ty­lyp git­se-de, az wagt­dan öçüp ug­ra­dy. Ol çak­gan­lyk bi­len saç­gys­gy­jy­ny aý­ran­da, tyl­la reňk­li saç­la­ry dy­zyn­dan aşak tol­kun atyp git­di.
Jeýms Dil­lin­gem Ýan­gyň iki sa­ny ha­zy­na­sy bo­lup, maş­ga­la­nyň bar buý­san­jy şol iki zat­da jem­len­ýär­di. Ola­ryň bi­ri ata­syn­dan ka­ka­sy­na ge­çip, Ji­me mi­ras ga­lan al­tyn sa­ga­tdy. Beý­le­ki­si bol­sa, Del­la­nyň saç­la­ry­dy. Eger-de saý-se­bäp bi­len Del­la­nyň saç­la­ry­na me­li­ke Se­ba­nyň göz­le­ri düş­se­di, on­da onuň da­kyn­ýan bar şaý-sep­le­ri öz gym­ma­ty­ny ýi­ti­rer­di. Eger-de hez­re­ti Sü­leý­man şu je­la­gaý­lar­da ýa­şa­ýan bol­sa­dy, on­da Jim her ge­zek sa­ga­dy­na se­re­den­de, oňa gö­zü­gi­di­ji­lik bi­len ga­rap, sak­ga­ly­ny sy­pa­lap ga­lar­dy.
Del­la­nyň lo­wur­dap du­ran owa­dan saç­la­ry mis­li tyl­la­ýy şag­la­wuk de­ýin tol­kun atyp, dy­zyn­dan aşak dö­kül­di. Onuň uzyn­dan gür saç­la­ry ly­bas ki­min be­de­ni­ni ört­di. Bir­de­nem ol al­ňa­sap, saç­la­ry­ny ýyg­na­ma­ga dur­dy. Soň­ra ýaý­da­nyp dur­şu­na ýe­ne-de bi­raz wagt gy­myl­da­man dur­dy, gö­zün­den ak­ýan bir­nä­çe ýaş dam­ja­la­ry kö­ne ha­ly­nyň üs­tü­ne dam­dy.
Ol go­ňur kel­tek­çe­si­ni eg­ni­ne atyp, go­ňur baş­ga­by­ny hem kel­le­si­ne geý­di. Del­la gözüne ýaş aýlap, ga­py­dan çyk­dy-da, bas­gan­çak­dan aşak dü­şüp, kö­çäň ug­run­dan ynam­ly ädim­ler bi­len ýö­räp ug­ra­dy. Onuň aýak çe­ken ýe­rin­de şeý­le ýaz­gy asyl­gy dur­dy: «Ha­nym Sof­ro­ny. Saç­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri». Del­la de­mi-de­mi­ne ýet­män, gys­san­maç­lyk bi­len ikin­ji ga­ta aty­lyp çyk­dy-da, aýak çek­di. Bu ýer­de ga­raý­şy buz ýa­ly, reň­ki ap-ak, se­miz aýal otyr­dy. Ol zor­dan ba­şy­ny gal­dy­ryp, Del­la na­zar aý­la­dy.
– Siz meniň saç­la­ry­my al­ar­sy­ňyz­my? – di­ýip, Del­la on­dan so­ra­dy.
– Ha­wa, men saç al­ýa­ryn. Baş­ga­by­ňy­zy aý­ryň, men ony gö­re­ýin – di­ýip, ha­nym jo­gap ber­di.
«Go­ňur şag­la­wuk» aşak­ly­gy­na tol­kun atyp gaýt­dy.
– Ýig­ri­mi dol­lar – di­ýip, ol aýal en­dik eden el­le­ri bi­len onuň gür saç­la­ry­ny sy­pa­lap goý­ber­di…
– Tiz­räk pu­ly ber­se­ne – di­ýip, Del­la dil­len­di.
Del­la şon­dan soň göw­ni gal­ky­nyp, ga­na­t bag­lan ýa­ly bol­dy. Ol Ji­me al­mak­çy bol­ýan sow­ga­dy­ny göz­läp, äh­li dü­kan­la­ry sy­ryp çyk­dy. Ahyr­so­ňy hem tap­dy. Şüb­he­siz, bu hiç kim üçin däl-de, di­ňe Jim üçin ýa­sa­lan ýa­ly­dy. Ol beý­le­ki dü­kan­la­ryň äh­li­si­ne ba­ryp, çep­be çö­wür­se-de, şu­nuň ýa­ly sow­ga­dy tap­man­dy. Bu jü­bi sa­gat­la­ry üçin ni­ýet­le­nen kü­müş zyn­jyr­jyk, ýö­ne­keý­den zy­nat­ly­ly­gy, hi­li­niň ýo­ka­ry­ly­gy bi­len ýe­sir ed­ýär­di – äh­li go­wy zat­lar hem şeý­le bol­ma­ly­dy. Del­la ony gö­ren ba­dy­na zyn­jyr­jy­gyň Ji­me la­ýyk­dy­gy­na göz ýe­tir­di. Onuň dur­ky ba­ha­sy­na deg­ýär­di. Ol mu­nuň üçin ýig­ri­mi bir dol­lar tö­läp, seg­sen ýe­di sen­ti bi­len öýü­ne al­ňa­sa­dy. Mun­dan beý­läk Jim üýt­ge­şik zyn­jyr da­ky­lan al­tyn sa­ga­dy­na is­len­dik ýer­de ar­ka­ýyn se­re­dip bil­jek­di. Onuň sa­ga­dy her­nä­çe ne­pis bol­sa-da, zyn­jy­ra de­rek kö­ne ga­ýyş bag da­ky­lan­ly­gy üçin oňa og­ryn­ça se­ret­me­li bol­ýar­dy.
Del­la öýü­ne ge­len­soň, onuň şa­dy­ýan­ly­gy akyl-paý­has bi­len ýe­ri­ni ça­lyş­dy. Ol saç buý­ra­la­ýan en­ja­my­ny çy­ka­ryp, ga­zy ýak­dy-da söý­gi bi­len jo­mart­ly­gy­nyň ut­gaş­ma­syn­dan eme­le ge­len weý­ran­çy­ly­gy uly iş edi­nip, be­jer­mä­ge dur­dy. Kyrk mi­nu­tyň için­de onuň saç­la­ry buý­ra saç­ly­ja mek­dep okuw­çy­sy­na ça­lym et­di. Ol uzak wagt­lap, aý­na­da­ky keş­bi­ne tan­ky­dy na­zar bi­len se­ret­di. Ol öz ýa­nyn­dan «Jim me­ni bu ýag­daý­da gö­rüp, göw­ni ge­çä­ýe­si ýok­-la. Ol me­ni bir­ba­da Ko­ni-Aý­len­diň aý­dym­çy gyz­la­ry­na meň­zet­se ge­rek. Ýog­sa-da, me­niň elim­den gel­jek başga zat ýo­g-a. Wah, men di­ňe bir dol­lar seg­sen ýe­di sent bi­len nä­me edip bi­ler­dim ahy­ryn?» diý­di.
Sa­gat ýe­di­de ko­fe taý­ýar bol­dy, ta­ba­ny bol­sa, kot­let gy­zart­mak üçin gaz pli­ta­sy­nyň üs­tün­de goý­dy. Jim hiç ha­çan gi­jä gal­ma­ýar­dy. Del­la kü­müş zyn­jy­ry gy­sy­myn­da sak­lap, işi­ge go­laý ýer­dä­ki sto­luň ba­şy­na geç­di. Birdenem ýan­ýol­da­şy­nyň bas­gan­ça­kdan çy­kyp gel­ýän aýak sesini eşi­dip, reň­ki şo­ba­da ak es­gä dön­di. Del­la­nyň gün­de­ki bo­lup geç­ýän ýö­ne­keý­je zat­lar üçi­nem gys­ga­jyk do­ga­la­ry oka­mak en­di­gi bo­lup, «Hu­daý­jan, ony hä­zi­rem owa­dan­dy­gym ba­ra­da pi­kir et­di­re­we­ri» di­ýip, py­şyr­da­dy.
Ga­py açyl­dy, Jim içe­rik gi­rip ga­py­ny ýap­dy. Ol örän hor we ag­ras gö­rün­ýär­di. Ba­ry-ýo­gy ýig­ri­mi iki ýa­şyň­da maş­ga­laň ýüküni çe­käý­mek aň­sat iş hem däl­di. Onuň eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri tä­ze pal­to ze­rur­ly­gy bar­dy, el­le­rin­de hem el­li­gi ýok­dy.
Be­de­nä­niň ysy­ny al­ýan aw ta­zy­sy ýa­ly ga­py­dan gi­ren Ji­miň göz­le­ri Del­la­da eg­len­di. Del­la adam­sy­nyň iç­gin na­za­ryn­dan hiç zat okap bil­män­soň gor­kup ug­ra­dy. Bu ga­ra­ýyş­lar ga­har-ga­zap däl­di, geň gal­mak hem däl­di, ýaz­gar­mak hem däl­di, ýig­renç hem däl­di – onuň ga­ra­şan duý­gu­la­ry­nyň hiç bi­ri­si däl­di. Ol di­ňe ada­ty däl, üýt­ge­şik ga­ra­ýyş­la­ry bi­len oňa iç­gin se­ret­di.
Del­la ýe­rin­den laň­ňa ga­lyp, ony gar­şy al­dy.
– Ga­dyr­da­nym, ma­ňa beý­dip se­ret­me­se­ne – di­ýip, Del­la ses­len­di. – Men saç­la­ry­my ti­mar­la­dyp, ony sat­ma­ly bol­dum, se­bä­bi Rož­dest­wo gü­nün­de sa­ňa sow­gat al­man boş ge­çi­rip bil­jek däl­dim. Olar ýe­ne-de öser. Sen gar­şy däl ge­rek?! Men di­ňe şeý­le et­mä­ge mej­bur bol­dum. Me­niň saç­la­rym örän çalt ös­ýär. Rož­dest­wo gü­nün­de go­wy ar­zuw­la­ry et­se­ne Jim, gel, şat­la­na­ly. Sa­ňa nä­hi­li oňat, nä­hi­li owa­dan, üýt­ge­şik sow­gat alan­dy­gy­my bir gör­se­diň!
Ol ha­ma­la di­ýer­siň, agyr akyl zäh­me­tin­den soň bu aý­dyň ha­ky­ka­ta göz ýe­ti­rip bil­me­ýän ýa­ly:
– Sen sa­çy­ňy ti­mar­lat­dyň­my? – di­ýip, kyn­lyk bi­len so­ra­dy.
– Ha­wa, ti­mar­lat­dym-da sat­dym – di­ýip, Del­la aýt­dy. – Her ni­çik­de bol­sa, in­di göw­nü­ň­den tu­rup bil­me­sem ge­rek. Ýö­ne men ti­mar­la­nan saç­la­rym bi­len hem şol bir bol­şum ahy­ryn!
Jim aň­ka-taň­ka bo­lup, ota­gyň içi­ne na­zar aý­la­dy. Ol kel­le­si­ne ta­ýak de­gen ýa­ly bo­lup:
– Sen saç­la­ry­my ti­mar­lat­dym diý­ýäň­mi? – di­ýip, tek­rar­la­dy.
– Se­niň in­di ony gözlemegiň ge­re­gi ýok. Men sa­ňa ýe­ne-de bir ge­zek aýd­ýa­ryn, ony ti­mar­lat­dym we sat­dym. Bu gün Rož­dest­wo gü­ni. Ga­dyr­da­nym, ma­ňa mä­hir­li bo­l, se­bä­bi men mu­ny di­ňe se­niň üçin et­dim. Me­niň kel­läm­dä­ki saç­la­ry sa­na­mak bel­ki-de müm­kin­dir – di­ýip, Del­la sö­zü­ni do­wam et­dir­di. Bir­de­nem ol my­la­ýym se­si bi­len:
– Ýö­ne me­niň sa­ňa bo­lan söý­gi­mi hiç kim hiç zat bi­len öl­çäp bil­mez. Jim, kot­let­le­ri aty­ber­jek on­da? – diý­di.
Jim agyr uku­dan oýa­nan ýa­ly bol­dy. Ol Del­la­ny bag­ry­na bas­dy-da pal­to­sy­nyň jü­bü­sin­den do­la­nan bir zat çy­ka­ryp, ony sto­luň üs­tün­de goý­dy:
– Ma­ňa ýal­ňyş dü­şün­me, Del­la! Haý­sy­dyr bir ti­mar­la­nan ýa-da be­je­ri­len saç me­ni öz ezi­zim­den so­wa­dyp bil­mez. Eger-de sen şu dü­wün­çe­gi açyp gör­seň, bir­ba­da me­niň nä­me se­bäp­den kyn ýag­da­ýa dü­şen­di­gi­me göz ýe­ti­rer­siň.
Del­la ça­la­syn­ ak zy­ba bar­mak­la­ry bi­len ka­gy­za do­la­nan za­dyň ýüp­le­ri­ni üzüş­di­rip, aç­dy. Del­la be­gen­jin­den ýa­ňa gy­gyr­dy, soň­ra-da gy­nan­jyn­dan dym­dy. Ze­na­nyň bu şat­ly­gy­nyň gy­nanç bi­len ýe­ri­ni ça­ly­şan­ly­gy­na gö­rä, ýan­ýol­da­şy­nyň ha­ýal et­män ony kö­şeş­dir­me­gi ge­rek­di. Çün­ki ol ýer­de Del­la­nyň Brod­weý kö­çe­si­niň ug­run­da­ky dü­ka­nyň aý­na­syn­dan en­çe­me ge­zek syn­lan, özü­ne ma­ýyl eden ha­şam­la­nan da­rak­la­ry ýa­tyr­dy. Sap pyş­ba­ga oka­ra­syn­dan ýa­sa­lan ne­pis da­rak­la­ryň tu­ta­wa­jy gym­mat­ba­ha daş­ja­gaz­lar bi­len zy­nat­la­nyp, ýaş ze­na­nyň go­ňur öwüs­ýän saç­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär­di. Del­la bu da­rak­la­ry edin­mä­ge umy­dy bol­ma­sa-da ýü­rek­den hö­wes edip­di. In­di bol­sa şol da­rak­lar özü­niň­ki­di, ýö­ne ýü­re­gin­de bes­län bu be­zeg­le­riň gö­zel­lik çaý­ma­ly öň­ki uzyn saç­la­ry we­lin ýok­dy. Del­la da­rak­la­ry bag­ry­na ba­syp, ahy­ry öçük göz­le­ri bi­len ba­şy­ny gal­dy­ryp, ýyl­gyr­dy-da:
– Jim me­niň saç­la­rym örän tiz ös­ýär – diý­di.
Bir­de­nem Del­la be­gen­jin­den bök­jek­läp:
– Häzir men saňa bir zat görkezeýin! – di­ýip, ses­len­di. Jim he­niz özü­ne ni­ýet­le­ni­len üýt­ge­şik sow­ga­dy gör­män­di. Del­la şa­dy­ýan­lyk bi­len aýa­sy­ny aç­dy-da, lowurdap duran kü­müş zyn­jy­ry Ji­me uzat­dy.
– Üýt­ge­şik ge­rek, Jim? Men mu­ny tap­ýan­çam tu­tuş şä­he­ri sö­küp çyk­dym. In­di gün­de ýüz ge­ze­gem sa­ga­dy­ňa ar­ka­ýyn se­re­dip bi­ler­siň. Ha­ny sa­ga­dy­ňy­ ma­ňa ber. Men ola­ryň bi­le­lik­de nä­hi­li ge­liş­ýän­di­gi­ni bir gö­re­ýin.
Jim oňa gu­lak as­man kö­ne di­wa­na özü­ni lam­pa goý­ber­di-de el­le­ri­ni ýeň­se­si­ne go­ýup, ýyl­gyr­dy:
– Del­la, gel Rož­dest­wo gü­ni üçin alan sow­ga­dy­my­zy bir gy­ra go­ýup, ola­ry az wagt sak­la­ly. Çün­ki olar bi­ziň hä­zir­ki ýag­da­ýy­my­za la­ýyk gel­me­ýär. Men sa­ga­dy­my sa­ňa bu da­rak­la­ry al­mak üçin sat­dym. On­da nä­me, kot­let­le­ri ta­ba aty­ber – diý­di.

Ter­ji­me eden Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
«Zaman-Türkmenistan».