Be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ýe­tiş­di­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ha­ta­ryn­da “ak al­ty­nyň” my­na­syp or­nu­nyň bar­dy­gy­ny aýt­mak ge­rek. Şo­ňa gö­rä-de ýur­du­myz­da pag­ta ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň öz mi­we­si­ni ber­me­gi­ni ga­zan­mak üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ala­da edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň oňyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy ne­ti­je­sin­de, soň­ky dö­wür­de bu ugur­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Şeý­le­lik­de, türk­me­nis­tan­ly ba­ba­daý­han­lar ýy­lyň-ýy­ly­na “ak al­ty­nyň” bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­di­rip, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­ýar­lar. Ge­çen ýyl türk­men pag­ta­çy­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na pag­ta­nyň 1 mil­li­on 100 müň ton­na­dan gow­ra­gy­ny tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ar­ty­gy bi­len ber­jaý et­di­ler.
Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 27-nji aw­gus­tyn­da bol­sa, Türk­me­nis­tan­da mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi—pag­ta ýy­gy­my baş­lan­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 26-njy aw­gust­da ge­çi­ri­len mej­li­si­niň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pag­ta ýy­gy­myna ak pata berdi. Şeý­le­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ak pa­ta ber­me­gi bi­len 27-nji awgustda Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň ba­ba­daý­han­la­ry pag­ta ýy­gy­my­na gi­riş­di­ler. 7-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­ti­niň – Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň pag­ta­çy­la­ry pag­ta ýy­gy­my­na baş­lar.
Asyl­ly dä­be gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar pag­ta ýy­gy­my­nyň baş­lan­ma­gy­na ak pa­ta ber­di­ler. Olar Be­ýik Bi­ri­bar­dan mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny di­leg et­di­ler.
Şu ýy­lyň pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­niň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan­da “ak al­ty­nyň” 1 mil­li­on 50 müň ton­na­sy­ny, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 207 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 230 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 300 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 313 müň ton­na pag­ta taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Go­wa­ça üçin bö­lü­nip ber­len ýer­le­riň umu­my meý­da­ny 545 müň gek­ta­ra ba­ra­bar­dyr. Ge­çen ýaz pas­lyn­da pag­ta­nyň or­ta we in­çe sü­ýüm­li “149F”, “133”, “Ýo­lö­ten-7”, “Da­şo­guz-120”, “Ser­dar”, “S-4727”, “Ýo­lö­ten-39”, “Ýo­lö­ten-14” hem-de beý­le­ki sort­la­ry ekil­di.
Şu möw­süm­de pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň 425-si, aw­tou­lag teh­ni­ka­la­ry­nyň 3035 bir­li­gi, trak­tor­la­ryň 2356-sy we pag­ta­ny da­şa­mak üçin ni­ýet­le­nen trak­tor tir­keg­le­ri­niň 3597-si iş­le­di­ler. Pag­ta­ny kom­baýn bi­len ýyg­mak üçin go­wa­ça­la­ryň ýap­ra­gy­ny dü­şür­ýän ze­rur bo­lan de­fo­liant sa­tyn alyn­dy. He­mi­şe bol­şy ýa­ly, bu iş­de di­ňe ýö­ri­te­leş­di­ri­len trak­tor­lar däl-de, eý­sem, ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň ýö­ri­te uçar­la­ry hem ula­ny­lar. Şeý­le-de, pag­ta­nyň tä­ze ha­sy­ly­ny ka­bul et­mek üçin har­man­ha­na­la­ryň 156-sy we pag­ta aras­sa­laý­jy za­wod­la­ryň 39-sy taý­ýar edil­di. Şo­la­ryň ýa­nyn­da­ky bar­lag­ha­na­lar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” Baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri pag­ta­nyň hi­li­ne gö­zeg­çi­li­gi ýo­la go­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­nyň wa­jyp eki­ni bo­lan go­wa­çany ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň öň­den gel­ýän baý tej­ri­be­si bar. “Ak al­ty­ny” ön­dür­mek we gaý­ta­dan iş­le­mek mil­li oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu top­lum­da gel­je­gi uly pu­da­gy teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy yl­my iş­läp düz­me­le­ri we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­gi yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň eks­port sa­na­wy­nyň sal­dam­ly esa­sy­ny düz­ýän pag­ta saz­la­şyk­ly ös­ýän mil­li dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry üçin gym­mat­ly çig mal bo­lup dur­ýar. Bu kär­ha­na­lar ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ba­zar­la­ryn­da uly is­le­ge eýe bo­lan, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän önüm­le­ri çy­kar­ýar. Pag­ta­çy­lyk pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­ny do­ly peý­da­lan­mak, “ak al­tyn” ha­sy­ly­nyň möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak ba­bat­da ýo­ka­ry hil­li to­hum taý­ýar­la­mak mö­hüm­dir. Şu mak­sat bi­len pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän dü­züm yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, ýur­du­myz­da pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ryň en­çe­me­si he­re­ket ed­ýär.
Her ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň pag­ta önüm­le­ri­niň ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň we hal­ka­ra mas­la­ha­tyň türk­men pag­ta­sy­ny dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Şol hal­ka­ra möç­ber­li fo­ru­myň do­wa­myn­da da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň hem-de beý­le­ki önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ön­dür­ýän önüm­le­ri gör­ke­zil­ýär.
Ser­gi-ýar­mar­ka­nyň we mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­se­le­le­ri hem-de pag­ta­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň, go­wa­ça­nyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­me­giň, ýer­le­me­giň, yl­myň we teh­ni­ka­nyň ga­za­nan­la­ry­ny oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ne or­naş­dyr­ma­gyň, şeý­le hem pu­da­gyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Mu­nuň özi türk­men pag­ta­sy­nyň bü­tin dün­ýä­de iň is­leg­li ha­ryt­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Ýur­du­myz­da pag­ta­çy­ly­gy, dok­ma pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de şeý­le be­lent sep­git­le­re ýe­ti­len­di­gi üçin mer­da­na hal­ky­my­zyň, aý­ra­tyn-da, eder­men ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­ly­gynyň çä­gi ýok­dur!

Gü­lä­lek Ener­my­ra­do­wa,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.