Ýaşlary ata-babalarymyzyň ruhuna, milli edep ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemek ähli döwürlerde hem baş wezipe bolup durýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda soňky ýyllarda türkmen halkynyň milli medeni däplerini, ahlak-terbiýeçilik tejribelerini giňden öwrenmek, bu ugurda halkara medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni, aň-bilim, ylym, çeper höwesjeňlik düzümini giňeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Baý medeni-ruhy, kämil ahlak-edep, çuň mazmunly ylym-bilim mirasymyzy gorap saklamakda, döwrebap röwüşde baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky Karary bilen “Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016—2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Bu resminama ylym-bilimiň ynsanperwer häsiýetini hem-de türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen berk baglanyşykly bolan umumadamzat we ahlak gymmatlyklaryna goýulýan uly sarpany görkezýär. Şonuň bilen birlikde, bu Döwlet maksatnamasy medeni mirasy öwreniş ylymlaryny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, ýurdumyzda ynsanperwer ylymlarynyň bitewüligini we işewürligini özünde jemleýän innowasion toplumlary döretmek, halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary ýurdumyzda we halkara giňişliginde wagyz etmek, täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamak hem-de baý mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek ýaly esasy maksatlardan ugur alýar.
Bu maksatnamada ýaşlara hünär öwretmek bilen bir hatarda, şahsyýetiň umumy medeniýetini, onuň jemgyýetdäki durmuşa uýgunlaşmak, döwrebap şahsyýet bolmak, döredijilik, işjeňlik ukyplaryny kemala getirmek baradaky düzgünler mynasyp orun tutýar. Milli mirasa sarpa goýmak ruhunda eziz Watanymyzyň bilim kuwwaty barha ýokarlanýar.
Şu ýylyň 29-njy iýulynda paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalaryň awtomatlaşdyrylan bitewi maglumat-gözleg ulgamynyň işine badalga berilmegi bu ugurda bitirilen uly işleriň biridir. Ýaşlary terbiýelemekde, milli mirasy we ylmyň gazananlaryny çuňňur öwrenmekde kitaphanalaryň aýratyn hyzmaty bardyr. Bu ulgam hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, häzirki zaman şertlerde kitaphana işini hem-de ilata edilýän kitaphana hyzmatlaryny kämilleşdirmek, bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksadynda döredildi.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tutuş Orta Aziýa sebitinde iri kitaphana bolup durýar. Kitaphananyň 24 inedördül metre golaý meýdany eýeleýän ýedi gatly binasynyň ýerasty üç gatynda kitaplar aýawly saklanýar. Bu ýerde ähli zallarda we otaglarda degişli howa şerti döredilip, onuň derejesine we çyglylygyna berk gözegçilik amala aşyrylýar. Kitaplaryň we žurnallaryň 6 milliona golaý nusgasyny öz içine alýan kitaphananyň gaznalarynda aýratyn gymmatly neşirler, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň baýlygy hasaplanýan gadymy golýazmalaryň täsin nusgalary saklanýar. Kitaphana birwagtyň özünde okyjylaryň 1100-sini kabul edip bilýär.
Tehnologiýalaryň ösmegi bilen, elektron kitaphanalary jemgyýetde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle kitaphanalar maglumat bermek hyzmatlaryny artdyrmaga, dürli neşirlere, şol sanda seýrek kitaplara hem elýeterliligi üpjün etmäge ýardam edýär.
Elektron sanaw Türkmenistanyň tutuş kitap gaznalaryny öz içine alýar. Elektron kitaphanasynyň bolmagy sanly görnüşe geçirilen ýazgylardan peýdalanmaga, kitaplaryň elektron görnüşlerini almaga şert döredýär. Bu kitaphanada türkmen, rus, iňlis we beýleki dillerde çagalar, çeper, ylmy we beýleki ýöriteleşdirilen edebiýatlar bar. Ulgam okyjylaryň 600 müňden gowragyna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Maglumatlaryň umumy elektron binýady paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny birleşdirýär. Okyjylar Türkmenistanyň islendik künjeginde olaryň arhiwlerinden peýdalanyp bilýärler.
Elektron kitaphanalaryň bitewi ulgamynyň türkmen medeniýetini, söz ussatlarynyň edebi döredijiligini öwrenmekde, halkymyzyň görnükli alymlarynyň işlerine, şol sanda daşary ýurt dillerine terjime edilen işlerine dünýä halklarynyň wekilleriniň ünsüni çekmekde hem mynasyp orny bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, türkmen halkynyň edebi mirasy, ýazuw, ylmy we çeper işler, halk döredijiliginiň eserleri we beýlekiler boýunça maglumatlaryň giňişleýin elektron binýadynyň döredilmegi mirasy ýadygärlikleri öwrenmekde, ylmy ösdürmekde täze itergi berer. Bu taryhçylar, edebiýaty öwrenijiler, Gündogary öwrenijiler, dilçiler, etnograflar, arheologlar üçin, okyjylaryň giň topary, talyplardyr mekdep okuwçylary üçin iş gollanmasy bolup hyzmat eder.
Biz bagtyýar raýatlarymyzy, aýratynam, ýaşlarymyzy täze gözleglere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde, olara ylym-bilim öwretmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp-köp sagbolsun aýdýarys!
Bagdagül ANNAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.