Dün­ýä­de aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa­da hä­zir­ki wagt­da uçar önüm­çi­li­gi üçin dür­li tas­la­ma­lar taý­ýar­lan­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy “Ka­to Ma­nu­factu­ring” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Kei­ji Ka­to uçar­dyr ra­ke­ta­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň ny­şa­ny­dy­gy­ny aýd­ýar. Bu ugur­da “Mit­su­bis­hi” kom­pa­ni­ýa­sy köp ýyl­dan bä­ri iş alyp bar­ýar. Ýur­duň hö­kü­me­ti uçar önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin bu kom­pa­ni­ýa bi­len yla­la­şyk ga­zan­dy. “Mit­su­bis­hi” ýurt­da bu ba­bat­da iň tej­ri­be­li kom­pa­ni­ýa ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi kom­pa­ni­ýa gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ry ön­dür­mek bi­len hem meş­gul­lan­ýar. Go­laý­da “Mitsubishi” bilen gol çe­ki­len yla­la­şy­ga gö­rä, ýo­lag­çy uça­ry taý­ýar­la­mak üçin sarp edil­jek 1,5 mil­liard dol­la­ryň üç­den bir bö­le­gi­ni ýur­duň hö­kü­me­ti üp­jün eder. Ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da ýurt­da ön­dü­ri­len “Mit­su­bis­hi”-niň “YS-11” mo­de­li uzak wagt­lap ula­ny­lyp­dy. Hä­zir­ki wagt­da ra­ke­ta önüm­çi­li­gin­de hem öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa bo­lan “Mit­su­bis­hi” az ýan­gyç sarp ed­ýän ýük gö­te­ri­ji uçar­la­ryň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ýar. Has tyg­şyt­ly bol­jak uçar­lar al­ter­na­tiw­le­ri­ne ga­ra­nyň­da amat­ly bo­lar.

2008-nji ýyl­da gi­ri­şil­di
As­lyn­da “Mit­su­bis­hi” kom­pa­ni­ýa­sy ýo­lag­çy uça­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga 2008-nji ýyl­da gi­ri­şip­di. Onuň çäk­le­rin­de ön­dü­ri­len “MRJ” (“Mit­su­bis­hi Re­gio­nal Jet”) at­ly uçar 2014-nji ýyl­da nus­ga­lyk gör­nüş­de ýa­sa­lyp, da­ba­ra­ly ýag­daý­da köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip­di. Ony taý­ýar­la­ma­ga ýur­duň we dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­sy ha­sap edil­ýän “Shin­kan­sen”-i iş­läp dü­zen in­že­ner­ler hem gat­na­şyp­dyr­lar. Uça­ryň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy we hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edil­me­gi üçin bir­nä­çe sy­nag­dan geç­me­li bol­ýar. Bu ho­wa gä­mi­si 2017-nji ýy­la çen­li sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşy­rar. Bu uçar­lar­dan Ýa­po­ni­ýa­nyň mil­li awia­si­ýa şe­re­ke­ti hem-de “All Nip­pon Air­wa­ys” şe­re­ket­le­ri sar­gyt edip­dir­ler. Uçar tas­la­ma­syn­da “Toyo­ta”-nyň hem pa­ýy bar.

Gys­ga ara­ly­ga ni­ýet­le­nen
70 we 90 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen uçar­lar gys­ga ara­ly­ga uç­ma­ga ni­ýet­le­ni­lip­dir. Ýe­ňil bol­ma­gy üçin bol­sa ug­le­rod sü­ýüm­den peý­da­la­ny­lar. Uça­ryň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­ni “Pratt and Whit­ney” şe­re­ket­le­ri taý­ýar­lap­dyr. “Mit­su­bis­hi” 2020-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek To­kio olim­pi­ýa oýun­la­ry­na çen­li bu uçar­la­ry sa­tu­wa taý­ýar et­me­gi mak­sat edin­ýär. “Mit­su­bis­hi” “Boeing” bi­len uzak wagt­dan bä­ri hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Onuň çäk­le­rin­de “Boeing”-iň uçar­la­ry­nyň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny ön­dür­ýär. Şeý­le hem “787 Dream­li­ner”-iň ug­le­rod sü­ýüm­den ýa­sal­ýan şaý­la­ry­ny üp­jün ed­ýär.