Tehnologiýa babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurdy Singapurda ilkinji sürüjisiz taksi hyzmaty durmuşa geçirildi. Ýurduň «nuTonomy» kompaniýasy bu ugurda «Uber» şereketinden birnäçe hepde öňe geçdi. Häzirlikçe bu taksiler diňe Singapuryň işewürlik merkezleriniň şaýolunyň ugrunda hereket edýär. Häzirki wagtda bu hyzmat mugt amala aşyrylýar. Taksileriň parkynda «Renault Zoe» we «Mitsubishi i-MiEV» ulaglarynyň 6 sanysy bar. Şu ýylyň ahyryna çenli olaryň sanyny 2 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Häzir bu hyzmat doly güýje girizilmedi. Sürüjisiz taksi hyzmatynyň amala aşyrylmagy üçin müşderilerden isleg gerek. Şol sebäpli «nuTonomy» kompaniýasynyň wekilleri adamlary bu hyzmatdan peýdalanmaga çagyrdy. Hyzmatdan peýdalanmak üçin smartfonyňa degişli applikasiýany ýükläp, şonuň üsti bilen taksini çagyrmak ýeterlik. Ýöne şeýle taksileriň hyzmatyndan peýdalanmak isleýän müşderileriň sany kem-kemden köpelýär. Ýylyň ahyryna çenli olaryň sanynyň müňden gowrak bolmagyna garaşylýar.
Awtoulaglar barada aýdylanda, olar häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde “Lidar” ulgamy oturdyldy. Ol lazer arkaly ugruny kesgitleýär. Onda 2 sany kamera oturdylyp, olar arkaly päsgelçilikleriň öňi alnar hem-de ýolyşyga gözegçilik ediler. Muňa garamazdan, garaşylmadyk ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ulagda ýörite hünärmen bar.
«nuTonomy» kompaniýasy sürüjisiz ýaryş ulaglaryny öndürmek maksady bilen hem maýa goýumlaryny özleşdirmegi bilen tanalýar.
Golaýda ABŞ-nyň «Uber» kompaniýasynyň “Volvo” şereketi bilen bilelikde sürüjisiz awtoulagyň üstünde işleýändigi mälim edilipdi. Bu taslama üçin 300 million dollar sarp ediler.
Soňky döwürde sürüjisiz awtoulag taslamasy dünýäde giňden ýaýrap ugrady. Bu ugurda dürli taslamalary işläp düzýän kompaniýalaryň sany köpelýär. “Google” hem-de Hytaýyň “Baidu” kompaniýasy hem bu bazardan paý almagy göz öňünde tutýar.
“Airbus” kompaniýasy hem geljekde öndürmegi maksat edinýän uçýan taksilerini bu ýurtda synagdan geçirjekdigini mälim edipdi.