Sagatda 60 mil (96 kilometr) tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda çykmagy başaran “Tesla” kompaniýasynyň “Model S” atly elektroulagy tizligi babatda hemmeleri haýran galdyrdy. Gysga wagtda ýokary tizlige çykmakda häzire çenli “Ferrari” we “Porsche” ulaglary öňdeligi eýeleýär. Diňe elektromobil önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla Motors” kompaniýasy bolsa, bu ulaglaryň kuwwatynyň adaty ýangyç bilen işleýän ulaglardan pes däldigini subut edýär. Kompaniýanyň öndüren täze batareýasy “Model S” ulagynyň tizligini artdyrmaga ýardam etdi. Kompaniýanyň beren beýanatynda täze işlenip düzülen 100 kilowat/sagatlyk (kwh) batareýa oturdylan ulag ABŞ ülňülerinde 315 mil (507 kilometr), Ýewropa Bileleşigi ülňülerinde 613 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Beýanatda täze batareýa arkaly “Model S”-iň bir gezekki zarýad bilen 300 milden (483 kilometr) uzak aralygy geçip biljek ilkinji ulagdygy mälim edildi. “LaFerrari” we “Porsche 918 Spyder” ulaglary hem sagatda 96 kilometr tizlige 2,5 sekuntda ýetip bilýär. “Teslanyň” beýanatynda bu ulaglaryň sport ulagydygy, bahasynyň 1 million dollar töweregidigi we iki orunlykdygy aýratyn bellenilýär. “Model S”-iň bu ulagyna 7 ýolagçy sygýandygy nygtalýar. “Tesla” öz müşderilerinden ilki sargyt kabul edip, belli bir wagtdan soňra ony müşderisine gowşurýar. Bu modelden sargyt edip, entek ony almadyklar goşmaça 10 müň dollar tölemek arkaly, häzirki wagtda “Model S”-iň eýeleri bolanlaryň 20 müň dollar töläp, batareýasyny çalyşdyryp biljekdigi mälim edildi.
Şeýle hem ady agzalýan täze batareýanyň “Tesla”-nyň 7 orunlyk “Model X” SUV ulagyny 96 km/s tizlige 2,9 sekuntda ýetirip biljekdigi habar berildi. Bu ulaglar ABŞ ülňülerine görä, bir gezekki zarýad bilen 289 mil (465 kilometr), Ýewropa Bileleşigi ülňülerinde 542 kilometr ýol geçip bilerler. “Model S” 70 müň dollardan, “Model X” 80 müň dollardan satylýar.