Gel­jek­de önüm­çi­lik­de we beý­le­ki mak­sat­lar üçin ula­nyl­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni do­lu­ly­gy­na aras­sa çeş­me­ler­den alyp bo­lar­my? Hä­zir­ki wagt­da bu mak­sa­da ýet­mek üçin edil­me­li işiň köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, go­wy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Şot­lan­di­ýa­da ýel tur­bi­na­la­ry ýur­duň ze­rur­ly­gyn­dan ar­tyk­maç elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­di. Ýurt­da 7-nji aw­gust gü­ni ýel tur­bi­na­la­ryn­dan 39545 me­ga­wat/sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ril­di. Şol gün sarp edi­len ener­gi­ýa muk­da­ry bol­sa, 37202 me­ga­wat bo­lup­dyr. “WWF Scot­land” at­ly daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da­ky şe­re­ket bu gör­ke­zi­ji­le­ri tas­syk­la­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Lang Banks bu gör­ke­zi­ji­niň do­lu­ly­gy­na gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­dan peý­da­la­nyl­ýan döw­re ýet­mek üçin ta­ry­hy ädim­di­gi­ni bel­le­ýär. 7-nji aw­gust gü­ni ýur­duň köp ýe­ri ýel­li bo­lup­dyr. Ol gü­nüň dynç gü­ni bo­lan­ly­gy üçin za­wod­dyr fab­rik­le­riň we beý­le­ki kär­ha­na­la­ryň ýa­pyk­dy­gy se­bäp­li has az ener­gi­ýa sarp edil­me­gi­niň hem ar­tyk­maç ener­gi­ýa ön­dür­mek­de tä­si­ri bar. Şot­lan­di­ýanyň Ýew­ro­pa­da iň baý ýe­ras­ty ne­bit go­ru­na eýe­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­ýar.
Ge­çen ýyl ýurt­da sarp edi­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 57,7 gö­te­ri­mi al­ter­na­tiw çeş­me­ler­den al­nyp­dyr. Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy üçin ada­ty çeş­me­le­riň ula­ny­ly­şy­nyň do­lu­ly­gy­na ara­dan aý­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.