NA­SA Sa­tur­nyň hem­ra­sy Ti­ta­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len “su­was­ty” gä­mi ön­dü­rer. Sa­turn pla­ne­ta­sy­nyň on­lar­ça hem­ra­sy­nyň iň ulu­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ti­tan­da at­mos­fe­ra şert­le­ri diý­seň çyl­şy­rym­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ol ýer­de “Kra­ken Ma­re” at­ly giň su­wuk­lyk bar. 400 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny bo­lan “Kra­ken Ma­re” su­wuk hal­da­ky ug­le­wo­do­rod­dan yba­rat. Onuň dü­zü­mi­niň uly bö­le­gi­ni me­tan eme­le ge­tir­ýär.
ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň tä­ze taý­ýar­la­jak kos­mos gä­mi­si bu su­wuk­ly­gy has ýa­kyn­dan bar­la­mak mak­sa­dy bi­len su­was­ty gä­mi­dä­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­ler. Ti­ta­na sy­ýa­ha­tyň 2038-nji ýyl­dan soň­ra bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.

Has go­la­ýy­na ba­rar
Ýu­pi­ter pla­ne­ta­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len uçu­ry­lan “Ju­no” eme­li hem­ra­sy­nyň pla­ne­ta has go­laý bar­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Gün ul­ga­my­nyň iň uly pla­ne­ta­sy il­kin­ji ge­zek şeý­le ýa­kyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­ler we bar­la­nar. “Ju­no” pla­ne­ta­nyň zä­her­li bu­lut­la­ry­nyň 4000 ki­lo­metr go­la­ýyn­dan ge­çer. Eme­li hem­ra taý­ýar­la­nan­da şeý­le de­re­je­de ýa­kyn­laş­jak­dy­gy göz öňün­de tu­tul­man­dy. Şol se­bäp­li bu sy­ýa­ha­tyň aň­sat bol­ma­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.