Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de bö­lek söw­da­da elekt­ron tö­leg­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Il­ki bank kart­la­ry bi­len ama­la aşy­ry­lan bu tö­leg­le­ri hä­zir­ki wagt­da el te­le­fon­la­ry, “akyl­ly” sa­gat­lar bi­len hem tö­le­mek müm­kin. Haý­sy­dyr bir ha­ryt sa­tyn al­nan­da kar­ty, smart­fo­ny ýa-da sa­ga­dy tö­leg ter­mi­na­ly­na de­gir­mez­den, di­ňe go­laý­laş­dyr­mak ar­ka­ly ama­la aşyr­ýan teh­no­lo­gi­ýa­nyň (NFC) çy­ka­ny­na köp wagt geç­me­di. Bu usul müş­de­ri­niň we sa­ty­jy­nyň wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. In­di bu usul ar­ka­ly iş­le­ýän ýü­zük hem sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Tö­leg­le­ri ama­la aşyr­mak­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy töleg ulgamy “Visa”-nyň taý­ýar­lan ýü­zü­gi ar­ka­ly jü­bi­ňiz­den te­le­fo­ny­ňy­zy çy­kar­ma­ga hem ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. Il­kin­ji ge­zek Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ri­len Rio Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan tür­gen­ler üçin az muk­dar­da ön­dü­ri­len NFC ýü­zü­gi in­di köp­çü­lik­le­ýin sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp baş­lan­ar. 53 dol­lar möç­be­rin­de nyrh ke­si­len en­jam de­kabr­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler.