Alternatiw energiýa çeşmeleriniň köpelmegi bilen bu ugurdaky tehnologiýa hem arzanlaýar. “Xerox” kompaniýasynyň döreden enjamy arkaly Günden energiýa alýan paneller has arzan düşer. Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) hünärmenleri “Xerox” kompaniýasynyň “Xerox PARC” laboratoriýasynda çap enjamlarynda ulanylýan suwuk syýalar ýaly, çap edilende gatap, panel hökmünde ulanyp boljak çip öndürýän enjam oýlap tapdylar. Bu usul arkaly öndürilen paneller ozalkylardan arzan, ýeňil we netijeli bolar. “Aňrybaş Gün paneli üçin Xerox enjamy” atly makalada bu enjamyň üç ýyldan taýýar boljakdygy aýdylýar. Bu tehnologiýa arkaly Gün panellerini öndürmek üçin has az materiala zerurlyk duýlar. Bu abzalyň diňe Gün panellerini däl, eýsem, beýleki enjamlaryň önümçiliginde hem peýdalanylmagyna garaşylýar.