“Citroen” kompaniýasynyň täze taýýarlan “CXPerience” elektromobili 1974-1991-nji ýyllar aralygynda öndürilen CX seriýasyna meňzedilip ýasalypdyr. Golaýda Parižde başlanjak halkara awtosergisinde görkeziljek ulagyň daşky keşbi kompaniýanyň iň halanan ulagyna çalym edýär. Onuň köp ýeri 1971-nji ýylda öndürilen ulagy ýatladýar. “CXPerience”-iň kuwwatynyň 300 at güýjüne barabar boljakdygy, benzin we elektrik energiýasy bilen işlejekdigi aýdylýar.