Çöl diý­len­de, uç-gy­rak­syz çä­ge­lik we alaň­lyk hem-de ys­sy ho­wa göz öňüň­de jan­lan­ýar. Eý­sem, çöl­le­riň hem­me­si şeý­le­mi­kä?!
Her ine­dör­dül met­re ýyl­lyk or­ta­ça 25 san­ti­metr­den az ygal düş­ýän ýer­ler çöl ha­sap edil­ýär. Çöl­ler gu­rak­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne hem baý bol­ýar­lar. Ýer ýü­zün­de gu­ry ýer­le­riň üç­den bir bö­le­gi­ni çöl-be­ýe­wan­lar eme­le ge­tir­ýär. Adat­ça, çöl­ler­de az adam ýa­şa­ýar. Olaryň hem­me­sinde ho­wa yssy bol­ma­ýar. Dün­ýä­niň iň so­wuk ýer­le­ri­niň hem çöl ha­sap­lan­ýa­ny bar. Şol se­bäp­li ola­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry-da baş­ga­ça bol­ýar. Af­ri­ka­da­ky Ka­la­ha­ri çö­li gün­di­zi­ne ys­sy, gi­je­si­ne so­wuk bol­ýar. Hy­taý­da­ky Tak­la­ma­kan çö­li bol­sa, ýy­lyň äh­li pas­lyn­da so­wuk bol­ýar. Çi­li­dä­ki Ata­ka­ma çö­li dün­ýä­niň iň gu­rak ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap edil­ýär. An­tark­ti­ka­da­ky we Gren­lan­di­ýa­da­ky buz­luk­lar he­mi­şe so­wuk bol­ýar. Aň­ňyt-aň­ňyt gum de­pe­le­ri bol­ma­sa-da, bu ýer­ler hem çöl ha­sap edil­ýär. Adat­ça ys­sy çöl­ler çä­ge­li bol­ýar. Beý­le­ki çöl­ler­ ça­gylly, iri daş­ly ýa-da gum­ly bol­ýar. Sa­ha­ra­da we Ara­bys­tan­da­ky çöl­lük­ler­dä­ki iň esa­sy ösüm­lik hur­ma ha­sap­lan­ýar. Bu mi­wä­niň iý­mit­lik kuw­wa­ty ýo­ka­ry bol­ýar. Ol ýer­ler­de ýa­şa­ýan adam­lar hur­ma­nyň aga­jy­ny ja­ýyň di­wa­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da, ýap­rak­la­ry­ny bol­sa onuň üs­tü­ni ba­sy­ran­la­ryn­da ulan­ýar­lar. Hur­ma aga­jy­nyň şa­ha­la­ryn­dan ta­nap hem işil­ýär. Dün­ýä ila­ty­nyň 5 gö­te­ri­mi çöl-be­ýe­wan ýer­ler­de ýa­şa­ýar. Gu­rak­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, her çöl­de ýa­şa­ýan jan­dar­lar bol­ýar. Çö­lüň özü­ne mah­sus ekoul­ga­my bo­lup, ýy­lyň bel­li aý­la­ryn­da ýa­g­şyň ýag­ma­gy ne­ti­je­sin­de, akar­lar, köl­ler ýa-da ýa­ta suw­ eme­le gel­ýär. Kä­bir çöl­de he­mi­şe ak­ýan der­ýa­lar hem bar. Ame­ri­ka­da­ky Rio-Gran­de hem-de Mü­sür­dä­ki Nil der­ýa­la­ry­ny mu­ňa my­sal ge­ti­rip bolar.

Nä­me üçin ys­sy bol­ýar?
Ys­sy çöl­ler­de gün­di­zi­ne ho­wa­nyň açyk bol­ma­gy Gün şöh­le­si­niň ýe­re gö­ni düş­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bu bol­sa, ho­wa­ny gys­ga wagt­da gyz­dyr­ýar. Bu­lut ýok bo­lan­soň, gi­je­si­ne-de yssy ho­wa gys­ga wagt­da ýo­ka­ry gö­te­ril­ýär we ho­wa so­wa­ýar. Ýa­g­şyň az ýag­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, gi­je­si­ne ho­wa gys­ga wagt­da so­wan­soň, ümür eme­le ge­lip, çyg dü­ş­ýär. Bu ýer­ler­däki jan­dar­lar we ösüm­lik­ler aşa ys­sa we suw­suz­ly­ga çy­dam­ly bol­ýar. Be­ýe­wan­da ýa­şa­ýan süý­re­ni­ji­ler gün­di­zi­ne ys­sy­dan go­ran­mak üçin gu­ma gö­mül­ýär­ler, gi­je­si­ne-de iý­mit­len­ýär. Çöl­de bit­ýän ösüm­lik­le­riň kök­le­ri uzyn bol­ýar. Ola­ryň ýap­rak­la­ry ki­çi ýa-da pür­li bol­ýar­lar. Şol se­bäp­li ola­ryň dü­zü­min­dä­ki suw bu­gar­ma­ýar. Ys­sy ýer­ler­de ös­ýän kak­tus­la­ryň ýap­rak­la­ryn­da onuň dü­zü­min­dä­ki su­wy sak­la­mak üçin ýö­ri­te gat­lak bol­ýar. Be­ýe­wan­lar­da­ky ösüm­lik­ler ol ýer­dä­ki ulu­ly-ki­çi­li jan­dar­lar üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär we ýa­şa­mak üçin şert dö­red­ýär. Kä­bir çöl­de ýy­lyň bel­li pas­lyn­da çab­ga gör­nüş­li ýa­gyş hem ýag­ýar.