Aýnalaryň has berk bolmagyny gazanýan “Gorilla Glass” tehnologiýasy häzirki wagtda smartfonlarda, planşetlerde we hatda awtomobilleriň aýnasynda hem ulanylýar. Aýnany urga we suwa çydamly ýagdaýa getirýän bu tehnologiýanyň “akylly” sagatlarda hem ulanylmagy maksat edinilýär. “Apple” öz sagatlarynyň berk bolmagy üçin has gymmat materiallardan peýdalanýar. “Gorilla Glass SR+” atly täze gorag usuly bolsa, olaryň bahasyny arzanladar. Enjamyň urga garşy 70 göterim çydamly bolmagyny gazanýan gorag Gün şöhlesiniň 25 göterimini yza serpikdirýär. “Gorilla Glass SR+”-yň geljekde haýsy şereketiň sagatlarynda boljakdygy häzirlikçe belli däl.