Tebigatyň ajaýyp gözelligine ser salanymyzda dürli reňklere gözümiz düşýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Emma käbir ýerlerde has köp öwüşgin bolýar. Kolumbiýadaky Kano Kriltales derýasy bolsa, köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Oňa “5 reňkli derýa” ýa-da “Suwuk älemgoşar” hem diýýärler. Şol sebäpli bu akar suwuny iň owadan derýa hasaplaýarlar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu akaba, iýulyň ahyryndan dekabra çenli aralykda ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňke öwrülýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuk hem bar. Ol üç sany esasy ekoulgamyň – Amazonka derýasynyň, And daglarynyň we Gündogar Lýanos sährasynyň çatrygynda bolanlygy sebäpli ösümlik we haýwanat dünýäsine hem diýseň baý. Onuň töwereginde guşlaryň 420 görnüşi, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň 10 görnüşi hem-de süýrenijileriň 43 görnüşi ýaşaýar. Derýada endemik suw otlary hem bar. Ini 20 metr, uzynlygy 100 kilometrlik derýanyň reňklerini onuň içindäki otlar görkezýär. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän çasly akýar we bulanyk bolýar. Şol sebäpli derýanyň içindäki otlar Gün şöhlesini ýeterlik mukdarda almaýarlar. Emma ygally pasyl bilen gurak paslyň çalyşýan döwründe suwuň akymy ortaça bolýar. Şol döwürde bu ýerdäki otlar gülläp, dürli öwüşgine beslenýärler. Tebigy gözellige tomaşa etmek üçin bu ýere dünýäniň dürli ýerlerinden müňlerçe adam gelýär.