Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­nyň ba­za­ryn­dan has köp paý al­mak üçin bäs­leş­ýär­ler. Bu bäs­deş­lik en­jam­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na we has el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Mo­bil en­jam­la­ryny ön­dür­mek­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy iki kom­pa­ni­ýa­sy “Sam­sung” we “App­le” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da­ky bäs­deş­lik barha ýi­ti­leş­ýär. Iri şe­re­ket­ler esa­san smart­fon­la­ry, plan­şet­le­ri we “akyl­ly” sa­gat­la­ry ön­dür­ýär. Hä­zi­re çen­li Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň şe­re­ke­ti öz en­jam­la­ry­ny has el­ýe­ter­li ba­ha­dan hö­dür­le­ýän bol­sa, “App­le” gym­mat smart­fon­la­ry sat­ma­gy bi­len ta­nal­ýar­dy. Ge­çen ýyl ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň iň ar­zan smart­fo­ny­ny hö­dür­le­di. In­di Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy hem öz ha­ryt­la­ry­ny esa­sy iki ug­ra (gym­mat we el­ýe­ter­li) böl­mek is­le­ýär. Şol se­bäp­li has ýo­ka­ry hil­li we gym­mat en­jam­la­ry hö­dür­läp baş­la­dy. “Sam­sung”-yň soň­ky sa­tu­wa çy­ka­ran “Ga­laxy No­te 7” en­ja­my hem ozal­ky­lar­dan gym­mat. “App­le”-iň esa­sy peý­da­sy­ny prog­ram­ma­lar we beý­le­ki hyz­mat­la­ryň sa­tu­wyn­dan alyn­ýan gir­de­ji­ler eme­le ge­tir­ýär. Ko­reý şe­re­ke­ti bol­sa, en­jam­la­ryň sa­tu­wyn­dan go­wy gir­de­ji ga­zan­ýar. Ame­ri­kan we ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň go­laý­da ta­nyş­dy­ran tä­ze smart­fon­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň nä­hi­li bol­jak­dy­gy ýa­kyn­da bel­li bo­lar.

Iň köp sa­ty­lan smart­fon
Şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­dä­ki mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­de iň köp is­leg bil­di­ri­len smart­fo­nyň “iP­ho­ne 6s” bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. “Kan­tar” we “Stra­te­gy Ana­ly­tics” şe­re­ket­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dünýäde smart­fon alan­la­ryň 4,2 gö­te­ri­mi (14,2 mil­li­on sa­ny) bu en­ja­my saý­lap­dyr. Sa­na­wyň ikin­ji ýe­ri­ni 2,5 gö­te­rim­lik paý bi­len (8,5 mil­li­on sa­ny) “iP­ho­ne 6” eýe­le­ýär. De­giş­li dö­wür­de müş­de­ri­le­riň 2,4 gö­te­ri­mi (8,3 mil­li­on) “Sam­sung Ga­laxy S7 ed­ge” smart­fo­ny­ny sa­tyn alyp­dyr. Mag­lu­mat­lar­da tä­ze smart­fon sa­tyn alan ABŞ-ly müş­de­ri­le­riň 11 gö­te­ri­miniň “iP­ho­ne 6s”-i saý­la­ndygy aýdylýar. Şeý­le hem ýurt­da “App­le”-iň soň­ky en­ja­my “iP­ho­ne SE”-niň sa­tu­wy has ýo­kar­la­nyp­dyr. Ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de müş­de­ri­le­riň 5 gö­te­ri­mi bu en­ja­my sa­tyn alyp­dyr. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Ga­laxy S7 ed­ge” en­ja­my­ny alan müş­de­ri­ler umu­my sarp edi­ji­le­riň 9 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir.