Deňiz kenaryndaky çölde gurlan Dubaý şäheri üýtgeşik desgalary bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasynyň ýerleşýän şäherinde emeli usulda döredilen tropik tokaý açylyp, ulanmaga berildi. Top şekilli äpet binanyň içinde üç müň ösümlik we sekiz ýüz görnüşli jandar ýaşaýar. Aýyň başynda açylan “Ýaşyl planeta” atly tokaý biodürlülik babatda dünýäniň iň baý ýerleriniň birine öwrüldi. Toplumyň ýolbaşçysy Kristofer Dawis bu ýerde tebigatyň asudalygynyň höküm sürýändigini aýdýar. Ol Amazonka tokaýlygynyň bir bölegini bu ýerde döredendiklerini nygtaýar. Dawis emeli tokaýdaky haýwanlaryň, agaçlaryň, kebelekleriň hersiniň dünýäniň başga künjeginden getirilendigini belleýär. Bu toplum mekdep okuwçylaryna dünýäniň beýleki ýerlerindäki tebigat barada maglumat almaga janly okuw sapagy hökmünde hyzmat eder. Merkeziň ýolbaşçysy onuň döredilmeginiň ýeke-täk maksadynyň okuwdygyna ünsi çekýär. Dawis “Ýaşyl planetanyň” okuwçylaryň her bir ösümligi ýakyndan öwrenmegi üçin şert döredýändigini nygtaýar.
Toplumyň içiniň ýylylygynyň kadaly saklanmagy üçin ýokary tehnologiýadan peýdalanylypdyr. Onuň içindäki şaglawukdan ozal peýdalanylyp, gaýtadan arassalanan suw akýar. Bu ýerde ähli zat daşky gurşaw nazarda tutulyp döredilipdir.