Kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Bentley” kompaniýasy özüniň iň ýokary tizlikli modelini öndürdi. Iňlis brendiniň 12 silindirli hereketlendirijisi bolan ulagy kaşaňlygy bilen tapawutlanýar. Wolter Owen Bentli tarapyndan 1919-njy ýylda Londonda döredilen şereket häzire çenli iň naýbaşy ulaglary öndürdi. Onuň ulaglarynyň daşky şekili hem özüne mahsus aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Häzire çenli dürli kompaniýalar tarapyndan satyn alnan brende häzirki wagtda “Volkswagen” eýeçilik edýär.
“Bentley” geçen ýyllarda dünýäniň iň ýokary tizlikli, ýolsuz ýerden ýöreýän ulagy ”Bentayga” modelini hem çykarypdy. Indi bolsa, bu brend bilen “Flying Spur W12 S” modeli çykaryldy. Onuň 6 litrlik goşa turboly hereketlendirijisi bar. Onuň kuwwaty 626 at güýjüne barabar. 4×4 gurluşy bolan ulagy dolandyrmak örän ýeňil. Ulag 100 km/s tizlige 4,2 sekuntda çykýar. Iň ýokary tizligi 320 km/s bolan ulagyň bahasy entek mälim edilmedi. Bilermenler onuň bahasyny 15 4900 funt sterlingden ýokary boljakdygyny aýdýarlar. “Bentley” sargyt edenlere ulagyň ýylyň ahyrynda gowşuryljakdygyny habar berdi.