Kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Volkswagen” kompaniýasy elektroulag önümçiligini ýola goýmak isleýär. Nemes kompaniýasynyň ýolbaşçysy Herbert Dýess “WirstschaftWoche” žurnalyna beren beýanatynda indiki aýda Parižde geçiriljek awtoulag sergisinde bu elektroulagyny görkezjekdigini aýtdy. Ulagyň ululygynyň “Golf” modeliniňki ýalyrak boljakdygy, 15 minutda dolulygyna zarýad alyp biljekdigi aýdylýar. Ol bir gezekki zarýad bilen 480 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Häzirki wagtda “Tesla”-nyň ulaglary 20 minutda 50 göterime çenli zarýad alyp bilýär. Onuň önümçiligi 2018-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2019-njy ýylyň başlarynda ýola goýlar.