Möwsümiň soňky “Uly tuwulga” tennis ýaryşy “Amerika Açyk” tamamlandy. Iki hepdeläp dowam eden ýaryşda zenanlardan germaniýaly Anjelika Kerber, erkekleriň arasynda-da şweýsariýaly Stanislas Wawrinka çempion boldy. Umumy pul gaznasy 46,3 million dollara deň bolan bäsleşikde, ýeňijileriň hersine aýratynlykda, 3,5 million dollarlyk pul sylagy berildi.
136-njy gezek geçirilen “Amerika Açykda” zenanlaryň arasyndaky finalda germaniýaly Anjelika Kerber bilen çehiýaly Karolina Pliskowa duşuşdy. Nýu-Ýorkdaky Artur Eş adyndaky tennis meýdançasynda oýnalan final 2 sagat 7 minutlap dowam etdi. Oýnuň 1-nji setinde germaniýaly Kerber 6–3 hasabynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen 2-nji setde Pliskowa 6–4 hasabynda üstünlige eýe bolup, umumy hasaby deňledi. 3-nji setde-de şol hasap gaýtalandy. Ýöne bu sapar Kerber öňe saýlanyp, “Amerika Açykdaky” ilkinji çempionlygyny, karýerasyndaky 2-nji “Uly tuwulgasyny” gazandy. 28 ýaşly tennisçi şu ýylyň başynda “Awstraliýa Açykda” ýeňiji bolupdy. Kerber 22 “Uly tuwulgasy” bolan Şteffi Grafdan soň, “Amerika Açykda” çempionlyk kubogyny gazanan 2-nji nemes tennisçi diýen ady eýeledi. Bu ýeňiş onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 10-njy çempionlygydyr. Bu bäsleşikden soň, Anjelika Kerber umumy sanawda 1-nji basgançaga geçdi. Şunlukda, ol 186 hepdeläp, birinjiligi saklan Serena Williamsyň ornuny eýeledi. Ilkinji gezek “Uly tuwulgalarda” finalda çykyş eden çehiýaly Karolina Pliskowa ýarym finalda amerikaly Serena Williamsy ýeňip, onuň sanawda 2-nji orna düşmegine sebäp bolupdy.
Erkekleriň arasyndaky finalda ATP-niň 1-nji we 3-nji belgili raketkaçylary – serbiýaly Nowak Jokowiç bilen şweýsariýaly Stanislas Wawrinka duşuşdy. Final oýny 3 sagat 54 minutlap dowam edip, 1-nji setde soňky çempion Jokowiç 7–6 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýöne şondan soň, özüni dürsän Wawrinka 2-nji setde 6–4, 3-nji setde 7–5 hem-de 4-nji setde 6–3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, taryhy çempionlyga eýe boldy. Bu ýeňiş 31 ýaşly Wawrinkanyň “Amerika Açykdaky” ilkinji, umumylykdaky 3-nji “Uly tuwulga” kubogydyr. Ol 2014-nji ýylda “Awstraliýa Açykda” hem-de 2015-nji ýylda “Fransiýa Açykda” çempionlyk gazanypdy. Galyberse-de, Wawrinka 1970-nji ýyldan bäri “Amerika Açykda” ýeňiji bolan iň ýaşuly tennisçi boldy. Şol ýylda awstraliýaly Ken Rouzwoll “Amerika Açykda” çempion bolanda 35 ýaşyndady.
13-nji “Uly tuwulga” kubogyny indiki bäsleşiklere goýmaly bolan finalçy Nowak Jokowiç bu ýaryşdan soň, yglan edilen täze sanawda birinjiligini saklamagy başardy. 2014-nji ýylyň iýulyndan bäri ornuny gorap gelýän Jokowiçiň 14 müň 40 utugy bar. Endi Mýurreý 2-nji, “Amerika Açygyň” çempiony Stan Wawrinka-da 3-nji orunda barýar.