Ýeňil atletika boýunça nobatdaky Dünýä çempionatyna sport muşdaklary eýýämden uly gyzyklanma bildirýärler. Çempionaty guraýjy komitetiň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, öňümizdäki ýylda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçiriljek ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynyň peteklerini satyn almak üçin 1 million 47 müň janköýer ýüz tutupdyr. Aslynda, 700 müň petegiň satuwa çykarylandygy we onuň hem çäklidigi habarda aýdylýar. Talabyň şeýle ýokary bolmagynyň esasy sebäbi hökmünde ýamaýkaly sprinter Usain Boltuň soňky sapar Dünýä çempionatynda çykyş edýänligidir. Golaýda tamamlanan Rio Olimpiadasynda 2017-nji ýylda nepaga çykjakdygyny habar beren Usain Boltuň soňky gezek nähili netije görkezjekdigi köpleri içgin gyzyklandyrýar. Karýerasy boýunça 9 Olimpiýa altyn medal gazanan Usain Bolt 100 we 200 metr aralyga ylgamakda Dünýä rekordlarynyň-da eýesidir. Bu ýaryş Boltdan başga-da ýyldyzyň, britaniýaly uzak aralyga ylgaýjy Mo Farahyň hem gatnaşjak soňky Dünýä çempionaty bolar. Ýeňil atletika boýunça 16-njy Dünýä çempionaty 2017-nji ýylyň 5–13-nji awgusty aralygynda 60 müň tomaşaça niýetlenen London Olimpiýa stadionynda geçiriler. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu sport baýramçylygynda türgenler ýeňil atletikanyň umumylykda 14 görnüşi boýunça özara güýç synanyşarlar.