NBA-nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ök­de ýyl­dyz­la­ryň bi­ri bo­lan Tim Dan­kan go­laý­da özü­niň söý­gü­li spor­ty bas­ket­bol bi­len hoş­la­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 19 ýyl­lyk NBA kar­ýe­ra­sy­ny di­ňe 1 klub­da – “San An­to­nio Spars­da” ge­çi­ren 40 ýaş­ly Dan­kan 5 ge­zek çem­pi­on bol­dy. Ol to­pa­ry­nyň 1999-njy, 2003-nji, 2006-njy, 2007-nji we 2014-nji ýyl­lar­da ga­za­nan çem­pi­on­lyk­la­ry­na uly go­şant goş­dy. As­ly Ame­ri­kan Sa­moa­syn­dan bo­lan bas­ket­bol­çy 19 möw­sü­miň äh­li­sin­de-de to­pa­ry bi­len pleý-off tap­gy­ry­na gat­naş­ma­gy ba­şar­dy. Dan­kan ro­wa­ýa­ty ýyl­dyz Ka­rim Ab­dul-Jab­bar bi­len bir ha­tar­da, 26 müň utuk­lyk, 15 müň ri­baund­lyk hem-de 3 müň blok­luk ne­ti­je­le­ri gör­ke­zen NBA-nyň ta­ry­hyn­da­ky 2 bas­ket­bol­çy­nyň bi­ri­dir. Şol bir­wag­tyň özün­de-de ol bir to­pa­ryň dü­zü­min­de 1000-den köp ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji we hä­zir­lik­çe ýe­ke-täk oýun­çy­dyr. 1997-nji ýyl­da bas­ket­bo­la baş­lan Dan­kan 1 ýyl­dan soň, ýy­lyň iň go­wy ýet­gin­jek oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. Köp­ler Dan­ka­ny NBA-nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ök­de 4-nji bel­gi­dä­ki oýun­çy di­ýip gör­kez­ýär. Üs­tün­lik­ler­den do­ly kar­ýe­ra­syn­da ol 15 sa­par “All Star” şü­we­le­ňi­ne saý­lan­dy. 15 ge­ze­gem ýy­lyň iň go­wy go­rag to­pa­ry­na öz ady­ny ýaz­dyr­dy. 2002-nji we 2003-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na ada­ty möw­sü­miň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nan Dan­kan bu ba­şar­ny­gy­ny fi­nal oýun­la­ryn­da-da 3 sa­par gaý­ta­la­dy.