Moto GP boýunça möwsümiň 13-nji bäsleşigi San Marinoda geçirildi. 4,2 kilometrlik trassada 28 aýlaw esasynda geçirilen ýaryşda “Repsol Hondanyň” ispaniýaly sürüjisi Daniel Pedrosa ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Horge Lorenzo (“Mowistar Ýamaha”) ilkinji hatardan bat aldy. Ýöne 2-nji aýlawda “Mowistar Ýamahanyň” başga bir sürüjisi, italiýaly Walentino Rossi öňe saýlandy. 8-nji hatardan başlan Dani Pedrosa has oňaýly tekerleri saýlamagynyň netijesinde, uly başarnyk görkezip, 21-nji aýlawda iň öňe geçmegi başardy. Ol soňuna çenli-de şol durkuny saklap, şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini baýram etdi. Pellehana 43 minut 43,524 sekuntda gelen Pedrosa karýerasy boýunça 29-njy gezek ýeňiji boldy. Şeýlelikde, Pedrosa şu möwsümde ýeňiş gazanan 8-nji sürüji boldy. Pedrosadan 2,8 sekunt yza galan Rossi 2-nji, pellehana 4,3 sekunt giç gelen Lorenzo welin, 3-nji ýeri eýeledi. Bäsleşigi 4-nji bolup tamamlan sanawyň lideri Mark Markes utugyny 223-e ýetirip, ornuny saklamagy başardy. Sürüjileriň sanawynda Walentino Rossi 2-nji ýerde bolup, ol San Marino “Gran Prisinden” soň, aratapawudy 40 utuga çenli azaltdy. Soňky çempion Horge Lorenzo 162 utuk bilen 3-nji hatarda barýar. Moto GP-de ýylyň nobatdaky ýaryşy 25-nji sentýabrda Ispaniýanyň Aragon şäherinde geçiriler.