Boks bo­ýun­ça or­ta ag­ra­myň çem­pi­on­lyk du­şu­şy­gyn­da ga­za­gys­tan­ly Gen­na­diý Go­low­kin bi­len ang­li­ýa­ly Kell Bruk tut­luş­dy. Lon­don­da­ky “O2 Are­na­da” 20 müň to­ma­şa­çy­nyň şa­ýat­ly­gyn­da ge­çi­ri­len boks ag­şa­my 140 ýurt­da gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­di. 1-nji raund­da ga­zak boks­çy has er­jel­lik gör­kez­di. 2-nji raund­da uly ur­ga se­ze­war bo­lan Bruk kyn­çy­lyk çek­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, 3–4-nji raund­lar­da tut­lu­şy­gy do­wam et­di­ren hem bol­sa, Bru­kuň güý­ji 5-nji raund­da asgynlady. Tä­lim­çi­si­niň du­şu­şy­gy bes et­me­gin­den soň, ga­zak boks­çy no­ka­ut bi­len gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, Gen­na­diý Go­low­kin 36-njy tut­lu­şy­gyn­da 36-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ol şo­la­ryň 23-sin­de no­ka­ut bi­len gar­şy­daş­la­ry­ny ýeň­me­gi ba­şar­dy. Mun­dan öň­ki 36 du­şu­şyk­da ýe­ňil­me­dik Kell we­lin, 37-nji tut­lu­şy­gyn­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.