Hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ge­çi­ri­len UEFA-nyň adat­dan da­şa­ry kong­re­sin­de UEFA-nyň tä­ze pre­zi­den­ti saý­lan­dy. 55 se­siň 42-si­ni alan slo­we­ni­ýa­ly Alek­san­der Çe­fe­rin UEFA-nyň tä­ze pre­zi­den­ti bol­dy. Onuň bi­len bu ugur­da da­laş eden gol­lan­di­ýa­ly Mi­ha­el wan Praag 13 ses al­dy. Şeý­le­lik­de, 48 ýaş­ly Çe­fe­rin UEFA-nyň ta­ry­hyn­da­ky 7-nji pre­zi­dent bo­lup, on­dan öň bu ar­zy­ly we­zi­pä­ni 1954-nji ýyl­dan bä­ri de­giş­li­lik­de, da­ni­ýa­ly Eb­be Şwarts, şweý­sa­ri­ýa­ly Gus­taw Wie­der­ker, ita­li­ýa­ly Ar­te­mio Fran­ki, fran­si­ýa­ly Žak Ge­or­ges, şwe­si­ýa­ly Len­nart Ýo­hans­son hem-de fran­si­ýa­ly meş­hur fut­bol­çy Mi­şel Pla­ti­ni da­gy ýe­ri­ni ýe­ti­rip­di.
1967-nji ýy­lyň 13-nji okt­ýab­ryn­da Slo­we­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lýub­li­ýa­na­da dün­ýä inen Çe­fe­rin şä­he­riň ady­ny gö­ter­ýän uni­wer­si­te­tiň hu­kuk fa­kul­te­ti­ni ta­mam­la­dy. 2005-nji ýyl­da fut­bo­la ara­la­şyp baş­lan Çe­fe­rin ýur­duň meş­hur fut­zal klu­by “KMN Swea Les­na Li­ti­ýa­da” ýol­baş­çy bo­lup iş­le­di. Ol 2011-nji ýyl­da Slo­we­ni­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Şon­dan bä­ri-de UEFA-nyň hu­kuk ko­mi­te­ti­niň-de ag­za­sy bo­lan Çe­fe­rin iň­lis we ital­ýan dil­le­ri­ni su­wa­ra bil­ýär. 3 ça­ga­sy bar.