Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat iri hal­ka­ra fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ge­çen hep­de ýur­du­myz­da şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça äh­lu­mu­my mas­la­ha­ta ba­gyş­la­nyp, hal­ka­ra me­dia fo­ru­my ge­çi­ril­di.
Bu hep­dä­niň do­wa­myn­da-da şeý­le iri fo­rum­la­ryň ýe­ne-de bi­ri­niň şa­ýa­dy bol­duk. Bu ge­zek­ki fo­rum sport ul­ga­my­na ba­gyş­lan­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň hem-de bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­dy hök­mün­de tu­tuş dün­ýä­de ta­nal­dy. Gel­jek ýyl paý­tag­ty­myz­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Sport ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler we bu pu­da­gy döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry ýo­kar­da aý­dy­lan­la­ryň do­ly su­but­na­ma­sy­dyr.
Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Azi­ýa­nyň sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­ne hem-de 2017-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nan me­dia-fo­ru­my ge­çi­ril­di. Fo­ru­myň işi­ne dün­ýä­niň 29 döw­le­tin­den da­şa­ry ýurt­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we sport hü­när­men­le­ri hem-de syn­çy­la­ry, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň ugur­daş pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Hal­ka­ra sport met­bu­ga­ty as­so­sia­si­ýa­sy­nyň, Azi­ýa sport met­bu­ga­ty as­so­sia­si­ýa­sy­nyň, bir­nä­çe döw­let­le­riň sport žur­na­lis­ti­ka­sy fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, “Al Ja­zi­ra”, “Евразия-TВ” te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri çy­kyş edip, olar met­bu­ga­tyň ýo­ka­ry de­re­je­li sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak iş­le­rin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp geç­di­ler. Oňa gat­na­şy­jy­la­ra spor­tuň V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça gör­kez­me çy­kyş­lar gör­ke­zil­di.
Mun­dan baş­ga-da sport žur­na­list­le­ri üçin me­de­ni­ýet me­ýil­na­ma­sy hem taý­ýar­lan­dy. Onuň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar ýur­du­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­ne ba­ryp gör­dü­ler. Olar “Nu­saý” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da, “Köw-Ata” ýe­ras­ty kö­lün­de we aja­ýyp Gök­de­re­de bol­du­lar.
Fo­ru­myň işi­niň baş­la­nan wag­tyn­dan baş­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň kö­pü­si öz­le­ri­niň ne­şir­le­rin­de türk­men tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­ny, fo­rum­da mas­la­hat­la­şyl­ýan me­se­le­le­riň do­ly ha­sa­bat­la­ry­ny be­ýan et­di­ler, şeý­le hem Azia­da-2017-ä taý­ýar­lyk dep­gin­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
«Zaman–Türkmenistan».