20-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men tür­gen­le­ri­ni Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len II Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­lar oýun­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ni we baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan­la­ry sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Ta­pa­wut­la­nan il­deş­le­ri­mi­zi sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy Sag­lyk ýo­lun­da ge­çi­ril­di. Şol ýer­de ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň, paý­tag­ty­myz­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş gu­ral­dy.
Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de, Kö­pet­da­gyň aja­ýyp ge­riş­le­rin­den geç­ýän bu dag ýo­lu­nyň baş­lan­ýan ýe­rin­de ir­den köp san­ly sport çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­lar ýyg­nan­dy­lar. Ýyg­na­nan­la­ryň ara­syn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi bar.
Şeý­le hem da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar – Azi­ýa­nyň sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan hem-de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ma­ha­bat­lan­dyr­mak my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän sport me­dia fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da ge­len de­giş­li hal­ka­ra dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Azia­da – 2017-niň ýa­ryş­la­ry Aş­ga­bat­da gu­rul­ýan, iň tä­ze en­jam­lar we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýän kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­nyň – Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­ri­ler. Spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek bu oýun­la­ryň ola­ryň ta­ry­hyn­da iň giň möç­ber­li­si bol­jak­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Il­kin­ji ge­zek bu ýa­ryş­la­ra Okea­ni­ýa ýurt­la­ryn­dan tür­gen­ler gat­na­şar. Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň des­ga­la­ry­nyň bir­nä­çe­si eý­ýäm he­re­ket ed­ýär, Azia­da – 2017-ä taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan hal­ka­ra sy­nag ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di.
Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Spor­tuň şu gör­nüş­le­ri türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na türk­men mil­li gö­re­şi­niň gi­ri­zil­me­gi bel­lär­lik­li­dir.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men päl­wan­la­ry şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aja­ýyp däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­mek bi­len, spor­tuň bu gör­nü­şin­de hem-de gu­şak­ly gö­re­şiň we sö­weş sun­ga­ty­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­de uly us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Tür­gen­le­ri­mi­ziň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da, şol san­da ge­çen aý­da Gyr­gy­zys­tan­da, Ys­syk-kö­lüň ke­na­ryn­da ge­çi­ri­len II Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­lar oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ýa­ryş­la­ra dün­ýä­niň 62 ýur­dun­dan tür­gen­le­riň 1 mü­ňe go­la­ýy gat­naş­dy.
Spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bu giň möç­ber­li ýa­ryş­lar­da il­deş­le­ri­miz gö­re­şiň dört gör­nü­şi – türk­men mil­li gö­re­şi, gu­şak­ly alyş gö­re­şi, ga­zak we gyr­gyz gö­re­şi bo­ýun­ça 23 me­da­la – 15 al­tyn, 2 kü­müş we 6 bü­rünç me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň bu iri sport ýa­ry­şyn­da çy­ky­şy hem uly üs­tün­li­ge eýe bol­dy. Çol­pon-Ata­da aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri hem-de türk­men ça­pyk­su­war­la­ry­nyň us­sat­ly­gy hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­la­nyp, da­ba­ra­nyň baş­la­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra, özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­my­zyň buý­san­jy bo­lan ýaş­la­ra ýüz­le­nip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň ösüş­le­riň ak ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ata Wa­ta­ny­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Bu üs­tün­lik­ler­de mer­da­na ýaş­la­ry­my­zyň uly go­şan­dy bar.

Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek ýy­lyň güý­zün­de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Spor­tuň 21 gör­nü­şi­ni öz içi­ne al­ýan bu oýun­la­ra Azi­ýa­nyň we Okea­ni­ýa­nyň 62 döw­le­tin­den tür­gen­ler gat­na­şar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mu­nuň Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz üçin örän uly ab­raý­dy­gy­ny, mäh­ri­ban hal­ky­myz üçin be­lent mer­te­be­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge düýp­li taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu oýun­la­ryň Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hyn­da örän uly sport baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­jek­di­gi­ni aýt­dy. Azia­da – 2017-ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ba­ha­sy 5 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi gu­rul­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we bi­na­gär­lik tej­ri­be­si ula­ny­lyp bi­na edil­ýän bu sport şä­her­ji­gi­niň gur­lu­şy­gy­nyň soň­ky tap­gy­ry al­nyp ba­ryl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň äh­li ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ry­lan döw­re­bap des­ga­la­ryň 30-a go­la­ýy­ny öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu des­ga­lar­da tür­gen­le­re spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­leş­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, türk­men tür­gen­le­ri­niň V Azi­ýa oýun­la­ryn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­jak­dyk­la­ry­na berk ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, şu gün­ler ýur­du­myz­da Azi­ýa­nyň sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan we 2017-nji ýyl­da bol­jak V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ma­ha­bat­lan­dyr­mak bo­ýun­ça sport me­dia fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu çä­rä 29 ýurt­dan 82 žur­na­list gat­naş­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, me­dia fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­miz, spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­miz bi­len giň­den tan­şyp bi­ler­ler di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de met­bu­gat we­kil­le­ri­niň V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ma­ha­bat­lan­dyr­mak­da we dün­ýä ýaý­mak­da uly iş­jeň­lik gör­kez­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­dir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, ýa­kyn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da ýe­ne-de bir şat­lyk­ly wa­ka­nyň bo­lan­dy­gy­na ün­si çek­di. Sent­ýabr aýy­nyň ba­şyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň II Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Bu oýun­la­ra türk­men tür­gen­le­ri hem gat­na­şyp, üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, il­deş­le­ri­miz hal­ka­ra ýa­ryş­da ga­za­nan aja­ýyp ýeň­şi bi­len mer­da­na hal­ky­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny äle­me ýaý­dy­lar, ata Wa­ta­ny­myz – Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň at-ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tür­gen­le­ri ga­za­nan aja­ýyp ýeň­şi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, ola­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk, uzak ömür, sport äle­min­de has uly üs­tün­lik­le­ri, mun­dan hem be­lent sep­git­le­re ýet­me­gi ar­zuw et­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýe­we söz be­ril­di. Wi­se-prem­ýer da­ba­ra­ly ýag­daý­da “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­na pul baý­ra­gy­ny gow­şur­mak hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan Çar­wa­dar­la­ryň II Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da baý­rak­ly orun­la­ra eýe bo­lan tür­gen­le­re sow­gat­la­ry ber­mek ha­kyn­da­ky Buý­ru­gy oka­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy­na ABŞ-nyň 30 müň dol­lar möç­be­rin­dä­ki pul baý­ra­gy­ny, ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­ri­mi­ze bol­sa tä­ze aw­tou­lag­la­ryň açar­la­ry­ny gow­şur­dy.
Sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­ke­zen tür­gen­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap we ola­ryň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­di­rip, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin çyk­mak da­ba­ra­sy­na ba­dal­ga ber­di.
Çä­rä gat­na­şy­jy­lar ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýyn­da dag ýo­ly bi­len ýo­ka­ryk ýö­räp ug­ra­dy­lar. Şol ýer­den ýer­li te­bi­ga­tyň hem-de ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň tä­sin aja­ýyp gör­nü­şi açyl­ýar. In­di köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Sag­lyk ýo­ly iri sport-me­de­ni çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri hem-de aş­ga­bat­ly­la­ryň we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň dynç al­ma­gy üçin iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp we hem­me­le­re be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len meş­gul­lan­mak­da üs­tün­lik­ler ar­zuw edip, bu ýer­den we­lo­si­ped­de ug­ra­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz egin­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de gün-gün­den aja­ýyp keş­be eýe bol­ýan türk­men paý­tag­ty­nyň gü­nor­ta bö­le­gi bo­ýun­ça we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­di.
Ýol ug­run­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy sport me­dia fo­ru­my­na gat­na­şy­jy­lar – Türk­me­nis­ta­na ge­len da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler, da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýur­du­myz­da iş­le­ýän we­kil­le­ri hem-de ola­ryň türk­men kär­deş­le­ri mä­hir­li mü­bä­rek­le­di­ler. Olar bu iri çä­rä­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne aja­ýyp döw­re­bap aw­to­bus­lar­da ug­ra­dy­lar. Aş­ga­ba­dyň gö­zel ýer­le­ri­ne syn et­mä­ge aja­ýyp müm­kin­çi­lik alan me­dia fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze sport ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi, žur­na­list­le­riň we işe­wür to­par­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin aja­ýyp şert­le­ri dö­re­den­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de türk­men tür­gen­le­ri­ni ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len gut­la­dy­lar.
22-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ada­ty en­di­gi­ne eýe­rip, iş­den soň–ag­şa­ma­ra ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sak­la­nyl­ýan ýe­ri­ne–at­çy­lyk sport top­lu­my­na ba­ryp, yn­san gy­lyk­ly be­dew­ler bi­len di­dar­laş­dy. Be­hiş­di be­dew­le­re aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan, ola­ryň hüý-hä­si­ýe­ti­ne be­let döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­dew­ler bi­len di­dar­laş­mak we at­ly ge­ze­lenç et­mek bi­len meş­gul­lan­ma­ga wagt ta­pyp, bu ýö­rel­gä­ni yzy­gi­der­li do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti ýel­den ýüw­rük be­dew­le­riň ok­gun­ly ba­dy­na meň­ze­dil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­dew­ler bi­len di­dar­la­şyp, Mi­ras at­ly be­dew­de ça­puw ýo­da­sy­na çy­kyp, bir­sel­lem ge­zim et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ça­puw ýo­da­syn­da be­de­wi öz er­ki­ne goý­ber­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aja­ýyp be­de­wi ça­pyp bar­ýan pur­sat­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze be­lent­lik­le­re ga­dam ur­ýan hal­ky­my­zyň be­ýik ýe­ňiş­le­re bo­lan hy­ju­wy­nyň aý­dyň ala­ma­ty hök­mün­de aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.
Şu gün­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz at­çy­lyk top­lu­my­na ge­lip, aja­ýyp be­dew­ler bi­len di­dar­laş­ma­gy­ny öz mil­li Li­de­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze be­lent­lik­le­re ta­rap ok­gun­ly öňe bar­ýan türk­men hal­ky­nyň Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da ru­hy des­sur­la­ry­nyň we nu­ra­na ar­zuw­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy di­ýip at­lan­dyr­sa bo­lar. Çün­ki, ahal­te­ke be­de­wi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň aja­ýyp­lyk­la­ry­ny, döw­rüň dö­re­di­ji­lik­li ru­hy gö­te­ri­li­şi­ni özün­de jem­le­ýär.

(TDH-niň habarlary
esasynda taýýarlandy).