Elektroulaglarda iň esasy üns berilýän zat olaryň bir gezekki zarýad bilen näçe kilometr geçip bilýänligidir. Häzire çenli bu görkeziji “Tesla”-nyň käbir modellerinde 400 kilometrden ýokary. Beýleki ulaglarda entek şeýle aralygy bir gezekki zarýad bilen geçip bilýän ýok. Golaýda satuwa taýýar edilen “Chevrolet Bolt” ulagynyň bolsa, “Tesla” bilen bäsleşip biljekdigi aýdylýar. “General Motors” kompaniýasynyň uzak aralyga gidip bilýän ilkinji ulagy bolan “Bolt” şu ýylyň ahyrynda müşderilere ýetiriler. Ol bir gezekki zarýady bilen 238 mile (383 km) çenli ýol geçip bilýär. Bu görkeziji “Tesla”-nyň şu ýyl tanyşdyran iň arzan bahaly “Model 3”-iňkiden has köp. “Model 3” bir gezek zarýad berlenden soňra 350 km ýol geçip bilýär.
Häzirlikçe “Bolt”-uň bahasy mälim edilmedi. Emma “Chevrolet” kompaniýasy onuň bahasynyň 37 müň 500 dollar töweregi boljakdygyny aýdýar. Eger “Chevrolet Bolt” şol bahadan müşderilere ýetirilse, onda 40 müň dollardan arzan satylan elektroulaglaryň arasynda iň uzak aralyga gidip bilýäni bolar. “Tesla” kompaniýasy “Model 3”-iň bahasynyň 35 müň dollar boljakdygyny aýdypdy. Iki ulagyň bahalarynyň we kuwwatynyň meňzeş bolmagy olaryň arasyndaky bäsdeşligiň köp wagtlap dowam etjekdigini alamatlandyrýar. Şeýle uzak aralyga gidip bilýän başga elektroulagyň ýokdugy bolsa, bäsdeşligi has-da ýitileşdirer.
“Bolt EV” modeliniň baş inženeri Joş Tawel ulagyň bir zarýad bilen uzak aralyga gitmeginiň möhümdigini, emma “Bolt EV”-iň has giň we kuwwatly bolmagy üçin hem alada edendiklerini aýdýar.
“General Motors” kompaniýasy hem “Tesla” ýaly öz zarýad beketlerini gurmagy maksat edinýär. Emma onuň ulaglaryndaky zarýad alýan ulgam beýleki beketlerden hem peýdalanmagyna mümkinçilik berýär. Şereket “Bolt”-uň 30 minut zarýad bilen 145 kilometr ýol geçip biljekdigini aýdýar.