Ýewropa Komissiýasy öňümizdäki dört ýylda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki ähli obalaryň, etraplaryň we şäherleriň tölegsiz WiFi (geçirijisiz internet) bilen üpjün edilmegi barada netijä geldi. Munuň üçin 120 million ýewro ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna berler. Ýerli häkimiýetler bu hyzmat üçin gerek bolan soňky tehnologiýany satyn alarlar. Eger bu teklip Ýewropa Parlamenti tarapyndan hem kabul edilse, her ýurduň degişli ministrligi tarapyndan tassyklanandan soňra şu ýylyň ahyryna çenli gerekli pul bölünip berler. Şeýle hem Ýewrokomissiýa Ýewropadaky ähli öýleriň 2025-nji ýyla çenli azyndan sekuntda 100 megabit tizlikli internet bilen üpjün edilmegini we 5G mobil aragatnaşygynyň ýola goýulmagyny maksat edinýär. Komissiýanyň başlygy Žan-Klod Ýunker agza ýurtlardaky ýaşaýjylaryň islendik döwletde mobil hyzmatlaryny ýeke-täk ýurtda ýaly ulanmaga mümkinçilik berjek kanuny taýýarlamagy teklip etdi. Munuň üçin «Ýewropa elektron aragatnaşyk kanuny» atly kanunyň taslamasyny hödürledi.
Ylym-bilime aýratyn goldaw
Okuw mekdepleri, uniwersitetler we jemgyýetiň bähbidi üçin hereket edýän guramalar üçin ylmy barlaglaryň netijeleriniň hem elýeterli edilmegi göz öňünde tutulýar.