Her ýylda gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen Şwesiýadaky Ýukkasýarwi etrabynda buzdan myhmanhana gurulýar. Howanyň maýlamagy bilen myhmanhana ereýär. Emma bu ýylky guruljak bina tomus paslynda hem eremez. “Icehotel” myhmanhanasynyň ýanynda “Icehotel 365” otel gurlar. Demirgazyk polýusa ýakyn bolan bu ýerde gündiz alty aýlap dowam edýär. Şeýlelikde, onuň müşderileri günüň 24 sagadynda lyžada taýmak, gämide gezelenç etmek ýaly dürli dynç alyş çärelerine gatnaşyp bilerler. Täze oteliň meýdany 2100 inedördül metre barabar bolup, Torn derýasyndan alnan buzdan we gardan bina ediler. Ýylyň dowamynda açyk boljak myhmanhananyň eremeginiň öňüni almak üçin Gün şöhlesinden peýdalanýan sowadyjy ulgam ulanylar. Onuň binagäri Hans Eek binanyň eremeginiň öňüni almak üçin ulanyljak tehnologiýanyň örän ýönekeýdigini aýdýar. Binagär adatça, binalarda ýylylygy içerde saklamagyň aladasy edilýändigini, emma bu otelde gyzgynlygy daşaryk çykarjak ulgamyň dörediljekdigini aýdýar.
Bu ýerde tomusyna Gün batmaýar. Şol sebäpli zerur elektrik energiýasy Gün panellerinden alynar. Myhmanhananyň içi hemişe 5 dereje sowuk bolar.
Myhmanhanada saunaly 9 sany suit, belli sungat ussatlary tarapyndan dörediljek 11 sany çeperçilik aýratynlygy bolan “art suit” otagy bolar. Myhmanhanalaryň ikisi hem noýabrda açylar.