Ber­lin mil­li ta­ryh mu­ze­ýi­niň myh­man­la­ry öz­le­ri­ni mun­dan 150 mil­li­on ýyl ozal ýa­şap ge­çen di­no­zawr­la­ryň ara­syn­da ge­zip ýö­ren ýa­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Soň­ky wagt­da ýoň bo­lan hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­nek­le­ri bi­len bu ýer­de du­ran äpet di­no­zawr ske­le­ti­ne se­re­de­niň­de, ol “jan­la­nyp” he­re­ket edip baş­la­ýar. Bu ba­ra­da “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň In­že­ner­çi­lik mer­ke­zi­niň hü­när­me­ni Wýe­land Hol­fel­der şeý­le gür­rüň ber­ýär: Bu ýer­dä­ki Gi­raf­fa­ti­tan (di­no­zaw­ryň bir gör­nü­şi) bir ske­let­den yba­rat, em­ma äý­ne­gi dak­ma­gy­ňyz bi­len «jan­lan­yp», üç öl­çeg­li şe­ki­le gir­ýär. Üç öl­çeg­li äý­nek­ler ar­ka­ly di­no­zaw­ryň nä­dip ýe­rin­den tur­ýan­dy­gy­ny we guý­ru­gy­ny eý­läk-beý­läk he­re­ket etd­irýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Jan­da­ry di­ri ýag­daý­da gör­mek üýt­ge­şik duý­gu­ny dö­red­ýär.
Go­laý­da “Go­og­le”-yň me­de­ni­ýet-sun­gat hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­yp başlan Ber­lin­dä­ki mil­li ta­ryh mu­ze­ýi­niň mü­di­ri Ýo­han­nes Wo­gel bu ýer­de ýo­la goý­lan teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly şol döw­ri has ýa­kyn­dan syn­lap bol­ýan­dy­gy­ny we mu­nuň has ýat­da ga­ly­jy­dy­gy­ny aýd­ýar.
“Go­og­le” me­de­ni­ýet-sun­ga­ta ba­gyş­la­nan in­ter­net saý­ty hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­dä­ki 50 mu­zeý bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup, olar­da­ky eks­po­nat­la­ryň 300 mü­ňü­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­ýär. Ola­ryň ara­syn­da su­rat­lar, wi­deo­şe­kil­ler we res­mi­na­ma­lar bar.