“Gaia” emeli hemrasy arkaly edilýän ylmy işler öz netijesini berip başlady. Bu enjam Akmaýanyň ýoly galaktikasyndaky ähli ýyldyzlaryň üç ölçegli kartasyny döretmek maksady bilen taýýarlanypdy. Sentýabryň ortalarynda emeli hemranyň ugradan suratynda biziň galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň 1 milliarddan gowragyny görmek bolýar. Ýewropa Kosmos Agentligi tarapyndan döredilen “Gaia” emeli hemrasy galaktikadaky ýyldyzlaryň bir-birinden uzaklygyny hem ölçäp bilýär. Taslamanyň çäklerinde ýyldyzlaryň hereketleri ýakyndan öwrenilip, galaktikamyz bilen beýleki galaktikalaryň galtaşýan ýerleri takyk öwreniler. “Gaia”-nyň iki teleskopy bolup, ol 2013-nji ýylyň dekabrynda uçurylypdy. Ol bellenen wagtda Günüň daşyndaky orbitasyna ýerleşdi.
Emeli hemra 6 ýyl ulanmaga niýetlenen. Emma onuň on ýyldan gowrak ulanylmagy maksat edinilýär. Eýýäm ol 400 million täze ýyldyzy açypdyr. Geljekde hem ol açyşlaryny dowam etdirer. Astronomlar älem barada has köp maglumat toplamagyny dowam etdirýär. Emma her açyş adamzada bilmeýän zatlarynyň bilýän zatlaryna garanyňda, has köpdügini görkezýär.