Dünýä belli linza we fotoapparat öndüriji “Leica” hem düşen suratyňy şobada çykaryp berýän fotoenjamy öndürdi. “Sofort” atly enjam “Fujifilm”-iň “Instax Mini” plýonkalary bilen işleýär. Apparatyň mämişi, ak we ýaşyl reňklileri bar. Surata düşürýän üçin hem dürli ýeňillikler döredilipdir. Ulanyjylar fotoapparaty “awtomat”, “adamlar”, “sport we hereket” hem-de “makro” ýagdaýyna getirip, aňsatlyk bilen ýokary hilli suratlary alyp bilerler. Soňky wagtda ýoň bolan selfi düşürýänler hem göz öňünde tutulypdyr. Munuň üçin kameranyň öň tarapynda oturdylan aýna suraty durlamaga ýardam edýär. 60 mm-lik f/12,7 linzasy bolan “Sofort” bir gezekki zarýad bilen 100 sany surat düşürip bilýär.
“Leica” plýonkalary çykarylar
Kompaniýa “Leica” ady bilen ýene-de iki görnüşli plýonka öndürer. Olaryň biri reňksiz (ak-gara) bolar. “Fujifilm”-iňkiden tapawutlylykda “Leica Sofort”-yň plýonkalarynyň gyralary çal reňkli. Bu bolsa, ony öňki döwrüň suratlaryna meňzedýär.
“Leica Sofort” geljek aý 299 dollardan satuwa çykarylar. “Instax Mini” plýonkalaryň içinde 10-sy bolan gutulary 13 dollardan, ak-gara plýonkalary bolsa, 16 dollardan satylar.