2012-nji ýyl­da “Ýy­lyň iň go­wy aw­tou­la­gy” (“Car of the Year”) saý­la­nan “Opel Am­pe­ra” mo­de­li­niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi kom­pa­ni­ýa­nyň beý­le­ki ulag­la­ry bi­len ge­çi­ri­len ýa­ryş­da bi­rin­ji bol­dy. Ol bren­diň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýän “In­sig­nia”, “Ast­ra”, “Adam” we “Cor­sa” mo­del­le­ri bi­len bäs­leş­di. Bu ýer­de ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da “Am­pe­ra”-nyň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň tä­si­ri uly. Sa­gat­da 100 ki­lo­metr tiz­li­ge 7 se­kunt­da ýet­ýän elekt­rou­la­gyň 2017-nji ýyl üçin taý­ýar­la­nan nus­ga­sy bir ge­zek­ki zar­ýad bi­len 320 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär. Bu ara­lyk elekt­rou­lag­lar üçin örän ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji. BMW-niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­de­li “BMW i3”-de bu gör­ke­zi­ji 160 ki­lo­metr. “Am­pe­ra-e 2017” go­laý­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek aw­tou­lag ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. “Ge­ne­ral Mo­tors”-yň ga­ra­ma­gyn­da “Opel” bren­di­niň şu­ňa meň­zeş beý­le­ki ula­gy “Chevro­let Volt” bol­sa, go­laý­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp­dy.