“Grand Canyon Caverns” (ABŞ)

Bu myh­man­ha­na­nyň otag­la­ry­nyň be­ýik­li­gi 22 met­re ba­ra­bar­dyr. Go­wak Piç-Springs şä­her­ji­gin­de ýer­leş­ýär. Ol 68 metr çuň­luk­da bo­lup, 65 mil­li­on ýyl mun­dan ozal ta­py­lyp­dyr. “Grand Canyon Caverns” – ABŞ-nyň iň ga­dy­my we asu­da go­wak myh­man­ha­na­sy­dyr. Onuň äh­li otag­la­ry hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. 2 adam­lyk ota­gyň ba­ha­sy 800 dol­lar.

“Kor­te San Pi­er­to” (Ita­li­ýa)

Ol Ita­li­ýa­nyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Ir­ki dö­wür­de ýer­li hal­kyň ýa­şan go­wak­la­ry­nyň bi­rin­de sy­ýa­hat­çy­lar üçin ýö­ri­te myh­man­ha­na dö­re­dil­di. Ol Ma­te­ra şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bi­ri­ne de­giş­li­dir. Her ota­ga in­ter­net ul­ga­my çe­ki­lip­dir. Ada­ty otag­la­ry­nyň ba­ha­sy 245 ýew­ro.

Ka­pa­do­ki­ýa­ (Tür­ki­ýe)

Ka­pa­do­ki­ýa Tür­ki­ýä­niň gu­rak ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýer­de bü­rünç asy­ra de­giş­li köp san­ly ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ol hem sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýer­de bir­nä­çe go­wak myh­man­ha­na­la­ry bar. Ýer­li go­wak­lar­da ýa­şa­mak üçin ba­ha­lar 90 ýew­ro­dan baş­lan­ýar.

“De­sert Cave Ho­tel” (Awst­ra­li­ýa)

Ýurduň Ku­ber-Pe­di şä­he­rin­de ýer­leş­ýän go­wak myh­man­ha­na­sy beý­le­ki ada­ty myh­man­ha­na­lar ýa­ly äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Onuň res­to­ra­ny, mej­lis­ler za­ly, dü­ka­ny we beý­le­ki kö­mek­çi des­ga­la­ry bar. Ol Eýr kö­lü­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Bu ýer Awst­ra­li­ýa­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den iň pes ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Ota­gyň ba­ha­sy 160 dol­lar.