2015-nji ýyl­da hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň da­şa­ry ýurt ge­ze­lenç­le­rin­de sarp eden pu­lu­nyň möç­be­ri 215 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy. Ol äh­li ja­han­keş­de­le­riň sarp eden pu­lu­nyň 17 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Bu ba­ra­da Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň fe­de­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­ýär. Sta­tis­ti­ki mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­ta­ýyň ra­ýat­la­ry da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­la­ryn­da ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar hem-de kos­me­ti­ka ha­ryt­la­ry üçin köp pul harç­la­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da olar aýak­gap we dür­li egin-eşik­ler üçi­nem pul gys­gan­ma­ýar­lar.
Umu­man, Hy­taý ozal­dan hem bol­şy ýa­ly, da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da da­şa­ry ýurt­la­ra ge­ze­len­je gid­ýän hy­taý­ly­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy. Bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji 20 gö­te­ri­me go­laý­la­dy.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň 70 gö­te­ri­mi her ýyl azyn­dan bir ge­zek da­şa­ry ýur­da ge­ze­lenç ed­ýär. Ja­han­keş­de­le­riň ýa­ry­sy­na go­la­ýy gir­de­ji­si­niň bäş­den bir bö­le­gi­ni ge­ze­lenç üçin sarp ed­ýär.
Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň fe­de­ra­si­ýa­sy döw­le­te da­hyl­ly däl gu­ra­ma bo­lup, Pe­ki­niň, Mosk­wa­nyň, Ber­li­niň, Los-An­je­le­siň, Bar­se­lo­na­nyň we dün­ýä­niň beý­le­ki meş­hur şä­her­le­ri­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dö­re­dil­di. Gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Hy­ta­ýyň paý­tag­tyn­da ýer­leş­ýär. Onuň ag­za­la­ry­nyň sa­ny gu­ra­ma­nyň dö­re­di­len wag­tyn­dan soň­ra ge­çen 4 ýy­lyň do­wa­myn­da 58-den 172-ä ýet­di.