Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Pre­mi­er Lea­gue­de” “Çel­si” öz meý­dan­ça­syn­da “Li­wer­pul­dan” 2–1 ha­sa­byn­da asgyn ge­lip, şu möw­süm­de il­kin­ji ge­zek ýeňi­ldi. 5-nji tap­gy­ryň mer­ke­zi duşuşygynyň gol­la­ryny myh­man­lar­dan Low­ren (17) bi­len Hen­der­son (36), ýer eýe­le­rin­den-de Die­go Kos­ta (61) ge­çir­di. Hä­zir­ki çem­pi­on “Les­ter Si­ti” “Bern­li” klu­bu­ny 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­da to­pa­ryň tä­ze trans­fe­ri Is­lam Sli­ma­ni 2 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. Žo­ze Mou­ri­nio­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” myh­man­çy­lyk­da “Wat­ford­dan” 3–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Şun­luk­da, Mou­ri­nio tä­lim­çi­lik eden to­par­la­ryn­da 2002-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek bas­syr 3 oýun­da utul­dy. 4-nji tap­gyr­da “Si­ti­den” as­gyn ge­len “Ýu­naý­ted” Ýew­ro­pa li­ga­syn­da “Fe­ýe­noord­dan” hem ýeň­lip­di. Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gä­ri “Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry “Born­mu­tyň” to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di (De Bruý­ne 15, Ihea­na­ço 25, Ster­ling 48, Il­kaý 66). Ge­çen möw­süm­de ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zen Slawen Bi­li­çiň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “West Ha­myň” şow­suz ýö­ri­şi do­wam ed­ýär.

“Pre­mi­er Lea­gue­de” 5-nji tap­gy­ryň ne­ti­je­le­ri:
“Çel­si”–“Li­wer­pul”: 1–2, “Hall”–“Ar­se­nal”: 1–4, “Les­ter”– “Bern­li”: 3–0, “M. Si­ti”–“Born­mut”: 4–0, “West Brom­wiç”–“West Ham”: 4–2, “Ewer­ton”–“Middlsb­ro”: 3–1, “Wat­ford”–“M. Ýu­naý­ted”: 3–1, “So­ut­hemp­ton”–“Swan­si”: 1–0, “Kris­tal Pa­las”–“Stok”: 4–1, “Tot­ten­ham”–“San­der­land”: 1–0.