Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy şu gün Parižde başlanjak halkara awtoulag sergisine iň kuwwatly ulagyny çykarar. “RN30” atly model täze nesil “i30” modeliniň bazasynda döredilipdir. Täze awtomobil “Seat Leon Cupra”, “Ford Focus RS” we “Renault Megane RS” bilen bäsdeşlik eder. Şol sebäpli ulagyň daşky görnüşine-de aýratyn üns berlipdir. Geljek ýylyň başynda satuwa çykaryljak “Hyundai RN30”-yň ilki iki görnüşi bolar. Soňra bolsa müşderileriň islegi nazarda tutulyp, has kuwwatly we dürli aýratynlyklary bolan nusgalary hem çykarylar. 2,0 litrlik turbo motorly ulagyň kuwwatynyň 264 at güýjüne barabardygy mälim edildi.