Ýat­keş­li­gi­mi­ziň go­wy bol­ma­gy oku­wy­myz­da we işi­miz­de üs­tün­lik ga­zan­ma­gy­my­za ýar­dam ed­ýär. Ýa­dy go­wu­lan­dyr­mak üçin luk­man­lar we beý­le­ki hü­när­men­ler dür­li mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler. Ola­ryň ara­syn­da iý­mit­len­mek en­di­gi­mi­ziň, be­den he­re­ket­le­ri­mi­ziň has köp tä­si­ri­niň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. Mas­la­hat­la­ryň kä­bir­le­ri­ni si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.
1Ki­tap oka­mak: okan ma­ha­ly­myz beý­ni­miz oka­lan zat­la­ry ýat tut­ýar. Okan ese­ri­miz bi­ziň gy­zyk­lan­ýan zat­la­ry­myz bol­sa, on­da bi­ziň ýat tu­tu­jy­ly­gy­myz hem ýo­kar­lan­ýar. Oka­mak di­ňe aňy­my­zy ös­dür­mä­ge, göz­ýe­ti­mi­mi­zi gi­ňelt­mä­ge, tä­ze mag­lu­mat­la­ry, söz­le­ri öw­ren­mä­ge ýar­dam et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýat­keş­li­gi­mi­ze hem oňyn tä­sir ed­ýär.
2Ýat tut­mak: mu­gal­ly­my­myz bi­ze goş­gu­dyr sa­na­waç­la­ry ýat beklemegi tab­şyr­ýar. Bu iş bi­ziň ýat­keş­li­gi­mi­ze gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Ozal ýat bek­läp, soň­ra unu­dy­lan goş­gu­la­ryň gaý­ta­dan ýat­lan­ma­gy­nyň hem ýat­keş­li­gi­mi­zi go­wu­lan­dyr­ma­ga peý­da ed­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Di­ňe goş­gy däl, eý­sem, kö­pelt­mek tab­li­sa­sy­ny hem ýat tut­mak ýat­keş­li­ge oňyn tä­sir ed­ýär. Şeý­le hem gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da hep­dä­niň gün­le­ri­ni, sa­tyn alan zat­la­ry­my­zy ýat­dan ha­sap­la­ma­ga ça­ly­şmagyň peýdasy köp!
3Aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek: gü­nüň bel­li bir wag­tyn­da açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek ýat­keş­li­gi­mi­ze oňat tä­sir eder.
4Yzy­gi­der­li tä­ze mag­lu­mat­la­ry öw­ren­mek: dür­li ugur­la­ra de­giş­li tä­ze mag­lu­mat­la­ry öw­ren­me­giň hem ýat­keş­li­ge go­wy tä­si­ri bar. My­sal üçin, dün­ýä­dä­ki jan­dar­lar, as­man gi­ňiş­li­gin­dä­ki ji­sim­ler ba­ra­da ki­tap, en­sik­lo­pe­di­ýa okap bi­ler­si­ňiz! Bu si­ziň gy­zyk­lan­ýan te­ma­ňy­za de­giş­li bo­lup bi­ler.
5Dil öw­ren­mek: ýat­keş­li­gi go­wu­lan­dyr­mak­da we huş­suz­ly­gyň öňü­ni al­mak­da çet ýurt­la­ryň di­li­ni öw­ren­me­giň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy köp wagt­dan bä­ri mä­lim­dir. Her gün­de az hem bol­sa, tä­ze söz­le­riň ma­ny­sy­ny öw­re­nip bi­ler­si­ňiz.
Bu­lar­dan baş­ga-da, gün­de­lik gün ter­ti­bi­niň bol­ma­gy, wagt­ly-wag­tyn­da iý­mit­len­mek we dem-dyn­jy­ňy al­mak hem ýat­keş­li­gi ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Iň esa­sy zat bol­sa, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.