Ita­li­ýa­nyň “Eni” hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “BP” kom­pa­ni­ýa­la­ry Mü­sü­riň hö­kü­me­ti bi­len Nil der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ne­bit we te­bi­gy ga­zy çy­kar­mak ba­bat­da 3 sa­ny yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Ne­bit we te­bi­gy baý­lyk­lar mi­nistr­li­gi ha­bar ber­ýär.
Met­bu­gat­da­ky ha­bar­la­ra gö­rä, de­giş­li yla­la­şyk­lar esa­syn­da 595 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­ler. Mü­sü­riň mi­nist­ri Ta­rek al-Mu­la ýur­duň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek üçin köp iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ol bu ugur­da hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len soň­ky 3 ýy­lyň do­wa­myn­da 70 yla­la­şy­ga gol çe­ki­len­di­gi­ni hem-de bu ugur­da­ky umu­my ma­ýa go­ý­muň möç­be­ri­niň 15 mil­liard dol­la­ra go­laý­lan­dy­gy­ny aýt­dy.