Ta­gam­la­ry adam­la­ryň öý­le­ri­ne, iş ýer­le­ri­ne el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ama­la aşyr­ýan “Ube­rEats” kom­pa­ni­ýa­sy hal­ka­ra ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Ol şu hep­dä­niň ahy­ry­na çen­li Gol­lan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Ams­ter­dam­da öz hyz­ma­ty­ny ýo­la go­ýar. Mun­dan ozal, Du­baý­da (BAE) hem-de Ýo­han­nes­burg­da (GAR) ta­gam­la­ry el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ama­la aşyr­ma­ga baş­lap­dy.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa hal­ka­ra ba­za­ryn­da­ky ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len Brýus­sel­de, Stok­golm­da we Ýew­ro­pa­nyň bir­nä­çe şä­he­rin­de öz hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek­çi. Gel­jek­de Ýew­ro­pa­nyň 12 ýur­du­nyň 16 şä­he­rin­de, Azi­ýa­nyň 10-a go­laý döw­le­ti­niň 11 şä­he­rin­de ýa­şaý­jy­la­ra we onuň myh­man­la­ry­na na­har el­tip be­rer.
Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa 6 ýur­duň 33 şä­he­rin­de iş alyp bar­ýar. Bu şä­her­le­riň 27-si ABŞ-da ýer­leş­ýär. “Uber” kom­pa­ni­ýa­sy bu ugur­da­ky il­kin­ji hyz­ma­ty­ny Los-An­je­les şä­he­rin­de ýo­la goý­dy. Ge­çen ýyl hal­ka­ra ba­za­ry­na ädim ädip, Pa­riž­de müş­de­ri­le­ri­ne hyz­mat edip baş­la­dy.