Dünýäniň syýahatçylyk reýtinginiň lideri hökmünde Tailandyň paýtagty saýlandy. “MasterCard” halkara töleg kartlary boýunça hyzmatlary amala aşyrýan kompaniýanyň taýýarlan hasabatyna görä, Bangkok şäheri dünýäniň iň köp syýahat edilýän megapolisleriniň sanawynda kerweniň başyny çekýär.
“Üstümizdäki ýylda Bangkoga 21,4 million adam geldi” – diýlip, maliýe guramasynyň hasabatynda beýan edilýär. Sanawda ikinji orunda durýan London 19,9 million syýahatçy kabul etdi. Olaryň yz ýanyndaky orunlary degişlilikde – Pariž (18 million adam), Dubaý (15,2 million adam) we Nýu-Ýork (12,7 million adam) eýeledi.
Bangkok şäheri hytaýly syýahatçylaryň hasabyna sanawda birinji orny eýelemegi başardy. Şähere gelen syýahatçylaryň 37 göterimini hytaýly jahankeşdeler tutdy. Seljermelere görä, syýahatçylaryň gezelenç döwründe sarp edýän umumy pulunyň möçberi 14,8 milliard dollara golaýlaýar.
“MasterCard”-yň reýtingi 132 şäheriň gatnaşmagynda düzüldi. Bangkogyň meşhurlygy onuň ýerleşýän ýeri bilen hem berk baglanyşyklydyr. Tailandyň paýtagtynyň ösen ulag düzüminiň netijesinde, bu ýerden Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna, galyberse-de Awstraliýa çenli gitmäge mümkinçilik bar.