Soňky döwürde dünýäniň dürli sebitlerinde kompaniýalaryň arasynda özara geleşikleriň baglaşylýandygy baradaky habarlara köp duş gelinýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda işleýän iri kompaniýalar gerimini giňeldip, öz ugrunda işleýän şereketleri satyn alýar.
“Lufthansa” gerimini giňeldýär
Germaniýanyň “Lufthansa” awiakompaniýasy müşderilerine edýän hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak hem-de amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen “Brussels Airlines” şereketini satyn almagy göz öňünde tutýar.
“Lufthansa”-nyň ýolbaşçylary awiakompaniýany satyn almak boýunça gepleşikleri çaltlandyrmagy meýilleşdirýär. 2009-njy ýyldan bäri “Brussels Airlines” kompaniýasynyň gymmatly kagyzlarynyň 45 göterimi “Lufthansa” degişlidir. Germaniýaly hyzmatdaşlar kagyzlaryň galan 55 göterimini hem satyn almakçy. Soňky maglumatlara görä, geleşigiň bahasy 140 million ýewro möçberinde bolar.
“Deutsche Post” “Uk Mail”-i satyn alýar
“Deutsche Post DHL Group” Beýik Britaniýanyň “UK Mail Group” kompaniýasyny satyn almak babatda ylalaşdy. Munuň üçin 242,7 million funt sterling, yagny, 315,5 million dollar möçberindäki geleşige gol çekiler. Germaniýanyň, galyberse-de, Ýewropanyň iri poçta kompaniýasy hasaplanýan “Deutsche Post” bu geleşikden soňra Beýik Britaniýanyň bazaryndaky ornuny has-da güýçlendirer.
– Täze geleşikden soňra biz gerimimizi has-da giňelderis. Ýewropanyň 3 sany iri bazarynda – Germaniýada, Beýik Britaniýada hem-de Fransiýada bazar paýymyz artar. Bu ýurtlar Ýewropa sebitindäki onlaýn ulgamyndaky söwdanyň 60 göterimini eýeleýär – diýip, “Deutsche Post” kompaniýasynyň wekili Ýurgen Gerdes gürrüň berýär.
“Dolandyrjylar geňeşi “UK Mail” kompaniýasy üçin bu geleşigiň oňat netijeler berjekdigine ynanýar. Germaniýanyň poçta kompaniýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, has köp müşderä hat äkidip bereris” – diýip, “UK Mail” kompaniýanyň başlygy Piter Keýn habar berýär.
“Twitter” satuwa çykarylar
Internet ulgamynda adamlaryň özara habarlaşýan portaly “Twitter”-iň satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Onuň bahasynyň 16 milliard dollardan gowrak boljakdygy aýdylýar. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy habar berýär.
Metbugatdaky habarlara görä, “Twitter Inc” kompaniýasy bu ugurda birnäçe tehnologiýa şereketleri bilen gepleşikleri geçirýändigi mälim edildi. Gysga wagtda resmi teklibiň gelmegine garaşylýar. Satyn almaga isleg bildirýän kompaniýalaryň arasynda “Google” hem-de “Salesforce.com” ýaly iri tehnologiýa şereketleri hem bar. Olar 16 milliard dollar töläp, bu kompaniýanyň gymmatbahaly kagyzlaryny satyn almagy göz öňünde tutýarlar.
Ýöne, hakykatdanam, “Twitter” kompaniýasyna resmi teklip gelip gowuşmady. Şonuň üçin bu ugurda degişli işleri geçirmek üçin “Goldman Sachs и Allen & Co.” firmasy bilen ylalaşdy.
ABŞ-nyň “Twitter Inc” kompaniýasy 2006-njy ýylda döredildi. Kompaniýanyň amala aşyrýan esasy işi – ony ulanyjylaryň arasyndaky habarlaşmagy üpjün etmekden ybarat. Onuň merkezi binasy Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ýerleşýär.