Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 14-nji bäs­le­şi­gi Is­pa­ni­ýa­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky Ara­gon aw­to­nom bi­le­le­şi­gin­de ge­çi­ril­di. Al­kan­ýis şä­he­ri­niň “Ara­gon” tras­sa­syn­da gu­ra­lan 23 aý­law­lyk ýa­ry­şa “Rep­sol Hon­da­nyň” is­pa­ni­ýa­ly sürüjisi Mark Mar­kes il­kin­ji bo­lup baş­la­dy. Ol baş­lan­gyç­da or­nu­ny al­dyr­sa-da, 12-nji aý­law­da ýe­ne-de bi­rin­ji ýe­re geç­di we or­nu­ny so­ňu­na çen­li sak­la­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Onuň gör­ke­zen ne­ti­je­si 41 mi­nut 57,678 se­kun­da deň bol­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 4-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 28-nji ýeň­şi­dir. 5 aý­law ga­lan­da, to­par­da­şy Wa­len­ti­no Ros­si­ni ge­çen Hor­ge Lo­ren­zo (“Mo­wis­tar Ýa­ma­ha”) wa­tan­da­şy Mar­kes­den 2,7 sekunt yza ga­lyp, 2-nji or­ny eýe­le­di. Ýe­ňi­ji­den 5,9 se­kunt soň, pel­le­ha­na­dan ge­çen Ros­si 3-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy.
Bu ýe­ňiş­den soň, utu­gy­ny 248-e ýe­ti­ren sa­na­wyň li­de­ri Mark Mar­kes gar­şy­daş­la­ry bi­len ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny has-da art­dyr­dy. On­dan 52 utu­k az ýygnan Wa­len­ti­no Ros­si 2-nji, 182 utuk top­lan Hor­ge Lo­ren­zo 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Möw­sü­miň 15-nji ýa­ry­şy 16-njy okt­ýabr­da Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.