Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen güneşli Diýarymyz özüniň ösüş ýolunda uly üstünliklere hem-de ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň berkararlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan galan milli ynsanperwerlik däplere eýerip, ähli uruşlarda wepat bolan watan gerçeklerini asla unutmaýar hem-de olary her ýyl ýatlap geçýär.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem 6-njy oktýabr – Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, watan gerçeklerini hormatlap, dikeldilen ýadygärlikler toplumlaryna gül desseleri goýuldy, sadakalar berildi we aýat-dogalar okaldy.
Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.
68 ýyl mundan ozal, tebigy heläkçilik türkmen halkyna uly ýitgi getirdi, ýüzlerçe müň adamyň ömür tanapyny üzdi. Tebigy betbagtçylyk birsalymyň içinde owadan we gülläp ösýän şäheri hem-de onuň etegindäki obalary weýran etdi. Bu pajygaly waka baradaky ýatlamalar henize çenli türkmenistanlylaryň ýüreklerinde ýaşaýar.
6-njy oktýabr gününiň ir säherinde aşgabatlylaryň we myhmanlaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen hem-de gaýduwsyz gahrymanlara çuňňur sarpanyň, türkmen halkynyň özüniň beýik geçmişine hormatynyň ägirt uly nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler.
Dabara gatnaşan milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilenden soňra adamzat taryhynda iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ählisini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül desselerini goýup, çuňňur matamyň nyşany hökmünde baş egdi. Döwlet Baştutanymyz bu senä aýratyn duýgy bilen garaýar. Çünki şol pajygaly gijede tebigy heläkçilik hormatly Prezidentimiziň atasy – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhammet Annaýewiň ömür tanapyny üzdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülen “Milletiň ogullary” ýadygärliginiň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Türkmen jemgyýetiniň mizemez ýörelgeleriniň biri-de milli gahrymanlarynyň hatyrasyny hemişe saklamak bilen baglanyşyklydyr. Olaryň hatarynda Gökdepe galasyny goraýjylar we adamzat taryhynda iň aýylganç heläkçilik bolan 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerine gatnaşyjylar bar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” ýadygärligine gül çemenini goýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň yzýany ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary gül desselerini goýdular.
Ýadygärliklere gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we bu ýere ýygnananlar sadaka bermek üçin niýetlenen ýörite ýere bardylar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, her ýyl şu gün Türkmenistanda Hatyra gününiň bellenilýändigini aýtdy. Biziň borjumyz tebigy heläkçilikde şehit bolanlary, duşmanlara garşy göreşde gaýduwsyzlyk, esgerlik borjuna, eziz Watanymyza wepalylyk görkezenleri hemişe ýadymyzda saklamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda mähriban halkymyzyň däp-dessurlaryny aýawly saklamaga aýratyn üns berilýär. Gadymdan gelýän ýörelgä eýerip, Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sadaka berilýär, ýagşy umyt bilen doga-dilegler edilýär. “Berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi, ol tebärek çykdy, şondan soňra nahar çekildi. Nahardan soň, öten-geçenleriň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Bu gün hatyra çäreleri we sadakalar paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi.
Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!