Paýtagtymyzdaky Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygar astynda geçirilýän VIII uniwersiada çekeleşikli geçýär. Uniwersiadanyň geçirilmegi talyplaryň arasynda sport hereketini ýokary derejede wagyz etmäge hem-de olaryň arasyndan ezber türgenleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Talyplaryň arasynda geçirilýän bu gezekki ýaryş ýurdumyzyň 20 ýokary okuw mekdebinden sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinýän talyplaryň 5 müňe golaýyny özünde jemledi. Talyplar bu ýaryşda sportuň 22 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşýärler. Geçen ýyl, uniwersiadada ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän bilýard bilen bouling, şeýle hem “ýedi top” milli oýny boýunça ýaryşlar geçirilendigini bellemelidiris.
Bu ýyl bolsa, toplumlaýyn ýaryşlaryň sanawyna ilkinji gezek badminton girizildi. Ýaryşyň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlary eýelejek türgenler noýabr aýynda kesgitlener.