Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän 2016-njy ýyl ata Watanymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýan köpsanly şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi täze sepgitlere ýetirmek we ähli sebitlerde durnukly ösüşleri gazanmak maksady bilen köpsanly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan uly üstünlikler netijesinde, Berkarar döwletimiz özbaşdak ösüşiň çärýek asyrlyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Gazanylýan uly üstünliklerde ähli welaýatyň işjeň raýatlarynyň mynasyp goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde berilýän hasabatlaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň ählisinde gujur-gaýratly zähmet çekilip, ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda iş saparynda bolan mahaly biz ýurdumyzyň gündogar welaýatynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldyk. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda ýerlerde sebiti durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe iri desgalarda, şol sanda “Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan” demir ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şonda biz sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň, olaryň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde senagat kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmäge ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmekde Lebap welaýatyna möhüm orun degişlidir. Welaýatda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, demir ýol we awtoulag pudaklarynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýan milli we halkara möçberindäki iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda bu sebitiň çäklerinde uglewodorod serişdelerine baý bolan gorlaryň üsti açyldy. Türkmenistan—Hytaý transmilli gaz geçirijisi hut şu ýerden gözbaş alýar. Indi birnäçe ýyllaryň dowamynda şol turbageçiriji arkaly “mawy ýangyç” dostlukly ýurda akdyrylýar. Garlykdaky duz käninde kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylary tarp ýerleri özleşdirýärler.
Mälim bolşy ýaly, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Oba ýerlerini özgertmek baradaky milli maksatnamany durmuşa geçirmek meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, kiçi we orta telekeçiligiň, oba hojalygynyň ösdürilmegi şu maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar. Şeýlelikde, welaýatlarda döwrebap obalaryň kemala gelýändigini aýratyn bellemegimiz gerek.
Häzirki wagtda welaýatlarda täze we döwrebap obalaryň gurulýandygyny, olaryň gurluşyk işlerini milli hünärmenleriň amala aşyrýandygyny aýratyn bellemelidiris. Şeýlelikde, nusgalyk täze obalar bina edilip, munuň özi Türkmenistanyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de hemme taraplaýyn ösdürilmegine, ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Tomus paslynyň ilkinji aýlarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Daşoguz welaýatynda Bagtyýar zaman obasynyň, Lebap welaýatynda Berkarar zaman obasynyň, Mary welaýatynda Döwletli zaman şäherçesiniň açylandygy bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Welaýatlarda toplumlaýyn innowasion syýasatyň we ony amala aşyrmagyň anyk usullarynyň kemala getirilmegi tutuş ýurdumyzyň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, dolandyrmagyň umumydöwlet strategiýasyny döwrüň ruhunda kämilleşdirmek üçin şertleri döretmäge uly mümkinçilikleri berýär. Şol strategiýa bolsa Türkmenistany ýaşamak üçin döwrebaplaşdyrylan gurşawa öwürmäge gönükdirilendir.
Biz bu ugurda alnyp barylýan ähli işleriň ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýdýarys!
Meretgül Taganmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.