Milli döwlete eýe bolup, dünýäniň syýasy, ykdysady giňişligine çykyp, halkara gatnaşyklary ýola goýan türkmen halkynyň 25 ýylda ýeten sepgitleri örän buýsandyryjydyr. Garaşsyzlygy berkitmek, döwlet, jemgyýetçilik gurluşlaryny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan ägirt uly taryhy wezipeler öz miwelerini hem eçilýär. Ýurduň tebigy baýlyklarynyň, geoykdysady mümkinçilikleriniň ýerlikli ulanylmagy bilen, depginli ösýän ykdysadyýetiň kemala getirilmegi Garaşsyzlygy berkitmekde möhüm şertleriň biri boldy. Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda beýan edilen makroykdysady görkezijiler soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.
Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy waka hem-de dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Geçen döwürde Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň maslahatynda eden taryhy çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetde amala aşyrylan işlerimiz barada birnäçe mysallary getirmek bilen, geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlary özleşdirilendigini, önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 544-si gurlup, işe girizilendigini nygtap belledi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça uly ädimler ädildi. Geçen döwürde senagat önümleriniň möçberi ýedi esseden hem köp artdy. Geçirilen düýpli ykdysady özgertmeler netijesinde, ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklar emele geldi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda düýpli gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmek ýola goýuldy.
Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleri hem yzygiderli artýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýylda 3,5 million tonnadan hem gowrak sement öndürilýär. Çärýek asyryň dowamynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 55,7 göterim, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi 23 esse, mineral dökünleriň öndürilişi hem 2,8 esse artypdyr.
Ýurdumyzda häzirki zaman dokma senagaty düýbünden täzeden döredilendir. Dokma kärhanalarynda diňe geçen ýylda öndürilen nah ýüplükdir matalaryň möçberi 1991-nji ýyldaka garanyňda, degişlilikde 24,4 we 7 esse köpeldi. Oba hojalyk pudagy agdyklyk edýän ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi.
Biziň ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlar bilen bilelikde, Gündogar we Günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde türkmen tebigy gazy “Türkmenistan—Hytaý” transmilli gaz geçirijisi boýunça iberilýär. Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasyna gazgeçirijiniň ikinji şahasynyň gurluşygy amala aşyryldy. “Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.
Häzirki döwürde “Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan” halkara demir ýolunyň, Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň gurluşyklary ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Iri köprüler, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, myhmanhana toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar baglarydyr orta mekdepler, medeniýet öýleri, senagat kärhanalary we köp sanly beýleki desgalar bina edilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda içerki bazarlarymyzy ýurdumyzda öndürilen önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça hem köp işler bitirildi. Özbaşdak ösüş ýyllarynda ýurdumyzda täze önümçilik mümkinçilikleri döredildi. Oba ýerlerinde kärende gatnaşyklary ornaşdyryldy. Ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy. 2015-nji ýylda öz emeli hemramyz älem giňişligine çykaryldy.
Orta we kiçi telekeçilik, şol sanda hususy telekeçilik yzygiderli ösýär. Häzirki wagtda, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, umumy içerki önümçiligiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýy 68 göterime barabardyr. Döwrebap saglyk merkezleriniň we hassahanalarynyň döwletimiziň ähli künjeklerinde gurulýandygyny, ulanylmaga berilýändigini hemmämiz bilýäris. Ine, golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan täze saglyk binalary—Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi, Morfologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, şeýle-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi hem halkymyzyň saglygyny goramakda alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijeliligini ýokarlandyrjak desgalardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen, toplumlaýyn ösdürmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär. 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda uglewodorod serişdelerini düýpli we köptaraplaýyn gaýtadan işlemek boýunça täze iri desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Täze ýylyň maýa goýum maksatnamasynda 400-e golaý desgany, şol sanda önümçilik maksatly 270, durmuş maksatly 130 desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Bu uly möçberli işler Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşlerimiziň halkymyzyň bähbidine gönükdirilip, uly maksatlary, geljek asyrlary nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.
Nesip bolsa, Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzda geljekde hem uly ösüşler gazanylar!
Batyr NOWRUZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.